YNSAN KALBYNA ŞÖHLE SAÇÝAN AKYLDAR
10-09-24
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr.
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döredijiliginiň üsti bilen beýan edipdir.
Beýik şahyryň döredijiligi üç asyryň dowamynda türkmeniň terbiýe mekdebiniň özeni bolup gelýär. Ussadyň döredijiligi durmuşyň päkize ýollarynyň beýany. Şonuň üçin-de akyldaryň her bir setiri, her bir sözi türkmeniň ömürboýy ýüreginde ýaşaýar. Onuň terbiýeçilik ähmiýeti hiç bir ýaşda-da täsirliligini ýitirenok. Gaýtam ynsanyň ýaşy goýaldygyça, ol setirleriň täsirliligi artýar. Şeýdip ol ömürboýy ýagşyny ýaýmagy, ýamany ýazgarmagy ýörelge edinýär. Magtymguly ulyny sylamagy, olara hormat goýmagy ýaşlary terbiýelemekde adamkärçiligiň iň gowy häsiýetleriniň biri hasaplaýar.
Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy haýsy babatda alnanda-da bahasyz gymmatlykdyr. Onuň çeper sözi halk döredijiligine eýläp ýüreklere ýetirmekdäki mekdeplik ýoly bar. Ussadyň diňe halk döredijiligini, nakyllary we beýlekileri peýdalanyşy, olaryň halkyň sözleýiş diline siňip gidişi barada geçen asyryň tutuş dowamynda ýazylan onlarça ylmy işlerden çen tutanyňda-da, Magtymgulynyň dünýäsiniň näderejede baýdygyndan habar berýär. Akyldaryň şygyrlary näçe susdugyňça, aby-köwser suwy soňlanmaýan çuňňur guýa çalym edýär. Pyragynyň şygryýetiniň gymmatly tarapy - ony dünýäniň islendik halkyna-da degişli edip bolýar. Çünki ol şygyrlarda aýdylýan pikirler agram babatda-da, gymmatlylyk jähtden-de islendik halkyň wekili üçin täsirlidir.
Terbiýeli, aňly-düşünjeli, zähmetsöýer ogul-gyzy ýetişdirmek her bir ynsanyň arzuwydyr. Bu ajaýyp arzuwy amala aşyrmak üçin akyldar şahyrymyz terbiýeçilik ähmiýetli, öwüt-nesihat, ahlak häsiýetli şygyrlary bilen çeper edebiýaty halkyň hyzmatyna goýmagy ussatlyk bilen başarypdyr. Onuň döredijiliginiň agramly bölegi öwüt-ündewden, akylly-parasatly maslahatlardan ybaratdyr. Ýazylan wagtyndan bäri ençe ýyllar geçse-de, şol ajaýyp şygyrlar öz terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmeýär. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu günki gün Magtymguly Pyragynyň çuňňur pelsepä ýugrulan ajaýyp goşgulary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň ruhy baýlygyna öwrüldi. Şoňa görä-de nusgawy şahyryň mertebesiniň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir.
Bibigözel AMANKULYÝEWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.