Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
167513d3369f1a.jpeg
10 aý ozal
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. Bellenilişi ýaly, şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.

1674fef2e63456.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň binasynda türkmen firmasy bilen Hytaýyň “China-Turkmenistan Cultural Center” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Bu ylalaşyk Sarahs-Mary-Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Bu barada Habarlar portaly habar berýär.

1674fe74352445.jpeg
10 aý ozal
Merkezi Aziýa ýurtlary we Italiýa ulag we beýleki ugurlar boýunca hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlaýarlar

3-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

1674fe4a07fc44.jpeg
10 aý ozal
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $947,7 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 947,7 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi.

1674fe5b425ab0.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşyp, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň DIM-ni habar berýär.

1674fe91f2b2b1.jpeg
10 aý ozal
Logistika we eltip bermegiň çylşyrymly ugurlary

Häzirki zaman dünýäde kärhanalar harytlary yklymlar boýunça müşderilere ýetirmek üçin netijeli logistika we proseslere bil baglaýarlar. Bu makala iş zerurlyklaryňyza habarly karar bermäge kömek etmek üçin logistika we eltip bermegiň esasy taraplary barada maglumat bermäge gönükdirilendir.

1674e95ca5f106.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan üstaşyr geçelgeleriniň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň gatnaşmagynda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek baradaky üçtaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylmagy Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň başlygy bilen Halkara Transport diplomatiýasy merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasyndaky duşuşygyň esasy temasy boldy.

1674e8ee94bc6e.jpeg
10 aý ozal
Daşoguzda sürüjiler üçin täze mekdep işläp başlar

Hazirki wagtda Daşoguzda täze sürüjilik mekdebini ulanylmaga bermek üçin taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

1674e944ddbad2.jpeg
10 aý ozal
Ýaponiýanyň gümrükçileri bilen Bir penjire ulgamy boýunça tejribe alşylydy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we tarifler boýunça edarasynyň wekilleri bilen «Bir penjire» ulgamynyň tejribesini öwrenmek boýunça wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi.

1674e8cea3a8bf.jpeg
10 aý ozal
“Hakyda göwheri” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.