Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
“Alem Shipping” türkmen ulag kompaniýasy öz işine başlady
“ALEM DOSTLUGY” köpugurly hojalyk jemgyýeti “Alem Shipping” atly täze bölümini açdy. Bu kompaniýa Türkmenistanyň çäginde ilkinji türkmen gämi gatnaw kompaniýasy bolup, Gara, Marmara, Ortaýer deňzi – Hazar deňzi ugurlarynda halkara deňiz ýüklerini daşamakda hyzmatlary hödürleýär.
Jebel şäherçesinde döwrebap howa menzili toplumy gurlar
Döwlet Baştutanymyz Jebel şäherçesinde ähli babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine hem-de iň soňky gazanylan tehnologiýalara we nou-haulara esaslanýan döwrebap howa menzili toplumyny gurmak hakyndaky Karara gol çekilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini belledi.
«Demirýollary» AGPJ Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik yglan edýär
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Hökümet münberiniň öňünde geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşjak «KAMAZ 53215» kysymly awtoulagyň tassyklanan nusga laýyklykda bezeg işlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli ygtyýarnamasy bolan potratçylary saýlaýar.
Sanly ulgamy ösdürmegiň täze depginleri
Häzirki wagtda, dünýä yklymynda internet ulgamynyň mümkinçilikleri ynsan durmuşyna özüniň çäksiz amatlyklary, maglumat ummanyna aralaşmagy, uzakdan arabaglanyşygy saklamagy, ähli ulgamlaryň wezipelerini elektron resminama dolanşygyna geçirmekligi bilen berk ornaşdy.
Türkmenistan - Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi
Adamzat jemgyýeti döräli bäri onuň ösüşi hiç wagt aragatnaşyksyz bolmandyr. Biz gadymy döwür taryhymyza nazar aýlasak adamzat jemgyýetiniň bürünç zamanyndan başlap, käbir ýurtlarda ondan-da ep-esli ozal aragatnaşygyň peýda bolandygyny bilýäris.
“TURKMENLINE” Türkiýe-Türkmenistan ugurlary boýunça ýük gämi hyzmatlaryna başlady
Aşgabatda ýerleşýän we “TURKMENLINE” ady bilen hem tanalýan “At-abraý” hojalyk jemgyýeti derýa we deňiz ýoly möwsüminde Türkiýe-Türkmenistan ugurlary boýunça ýük gämi gatnawlaryna başlady.
AŞTU paýtagtymyzda GPON tehnologiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär
Mälim bolşy ýaly AŞTU häzirki zaman GPON tehnologiýasyny ulanmak bilen optiki-süýümli kabelleri müşderiniň öýüne çenli çekmek arkaly paýlaýyş ulgamyny gurmagyny ýaýbaňlandyrdy.
Döwlet hyzmatlarynyň portaly halkymyzyň hyzmatynda
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlarynyň bir bütewi resmi portaly döredildi we işe girizildi.
Kerkini[ howa menzili açylyşa doly tavvar edildi
Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze howa menziliniň gurluşygy tamamlandy. «Türkmenportal»-a mälim bolşy ýaly, howa menzili toplumynyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda meýilleşdirilýär.
"Türkmenpoçta" PAK-nyň bölümlerinde howa gatnawlarynyň petekleriniň satuwy ýerine ýetirilýär
2021-nji ýylyň iýun aýyndan "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde ýerli howa gatnawlarynyň peteklerini satmak hyzmaty ýola goýuldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.