Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«APPLE» ÝURDUMYZDA RESMI SAÝTYNY DÖREDÝÄR
Sanly ulgam eýýamyna doly gadam basan ýurdumyz internet tory esasynda günsaýyn halkymyza köp sanly ýeňillikleri hödürleýär. Bu ugurda täze-täze web saýtlaryň döredilmegi gözýetimimizi, dünýägaraýşymyzy giňeldýär.

DEŇIZ ULAGLARYNYŇ binýady döwrebap ÖSÜŞDE
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portundan dünýä döwletlerine deňizüsti ýollar arkaly hyzmatdaşlyklary ýola goýýan ýurdumyz ulag ulgamynyň bu pudagyna aýratyn üns berýär.

EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ŞÄHER
Milli Liderimiz elektromobilleriň hereketi, awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen “akylly» awtoduralgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşmek barada görkezme berdi.

“LAÇYN” SEÝILGÄHI – DYNÇ ALYŞ MERKEZI
Aşgabat şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, amatly dynç almagy, wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidigi baradaky tagallalar Alym Arkadagymyzyň bu ugurdaky alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

«AKYLLY ŞÄHER»
Milli Liderimiz Ahal welaýatyna iş saparynyň dowamynda häzirki döwürde «akylly şäher», «akylly öý» ýaly düşünjeleriň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nazara alyp, «akylly şäherler» konsepsiýasyny ösdürmek, şeýle hem köçelerdäki yşyklandyryş ulgamynda gözegçiligi ýola goýýan enjamlaryň işini ýola goýmak, bu usullary milli binagärlik ulgamynda işjeň ulanmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

HALKARA ULAG HYZMATDAŞLYGYnyň MASLAHATy geçirildi
Sebitde ulag ulgamynyň işjeňligini pugtalandyrmak, yklymlaryň özara ýük gatnaw baglanyşygyny üpjün etmek häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmenpoçta» tölegleriň täze görnüşlerini hödürleýär
Gündelik peýdalanýan dürli hili hyzmatlarymyz üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň web sahypasynyň üsti bilen töleg etmek mümkinçiligi döredi.

HAZARDAN GARA DEŇZE ÇENLI
Berkarar döwletimiziň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň soňky ýyllarda täze derejä göterilýänligini halkara gatnaşyklarynyň esasy taslamalary hem tassyklaýar.

SANLY MÜMKINÇILIKLERIŇ GERIMI GIŇEÝÄR
Garaşsyz Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, sanly ulgamy has-da ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň döwrüň talaplaryna laýyklykda, ähli pudaklarda sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli amal edilýär.

Türkmen emeli hemrasy älem giňişliginde
Telekommunikasiýa ulgamy dünýä ýüzünde maglumat merkezi, habar beriş serişdesi, aragatnaşyk we beýleki ulgamlar boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş alyp barmagyň we halkara tejribe alyşmagyň innowasion köprüsi bolup durýar we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň asylly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde aragatnaşyk ulgamynda ýokary hilli we netijeli işler durmuşa geçirilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.