Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Ýurdumyzyň suw ulaglary ulgamynyň ynamly ösüşi
“Türkmendeňizderýaýollary”agentligi boýunça 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda bellenilen meýilnama 138,4 göterim ýerine ýetirildi we 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 192,7 göterime deň boldy.

SANLY ÇÖZGÜT - ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI
Sanly tehnologiýalaryň durmuşymyzda giňden ulanylmagy ylmy açyşlaryň yzygiderli täze derejelere çykmagyny, önümçilik işleriniň işjeňleşdirilmegini, milli ykdysadyýetimiziň intellektual taýdan dünýä tejribelerine daýanýan usulda kämilleşmegini üpjün edýär.

SANLYLAŞDYRMAKDA ÖŇDEBARYJY
Ýakynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň awtoulag kuwwaty hasaplanylýan “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulaglary” önümçilik birleşiginiň “lebapulag.gov.tm” salgyly web sahypasynyň işe goýberilmegi aýratyn bellärliklidir.

GALLA ORAGYNA MYNASYP GOŞANT
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlara döwlet tarapyndan hemme taraplaýyn goldaw berilmegi netijesinde olar oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän sortlarynyň aňrybaş tohumlary, mineral dökünler, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap tehnikalary bilen üpjün edilýär.

“Demirýollary” AGPJ-niň halkara bäsleşigi
Material tehniki serişdeleri satyn almak boýunça “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tender yglan etdi

Türkmen-owgan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde ulag geçelgeleri meselesi hem ara alyp maslahatlaşyldy
Owganystanyň Hyrat welaýatynda Owganystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri ykdysady gatnaşyklar, şeýle-de ulag geçelgeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada maslahat geçirdiler.

Sanly bilim ulgamy – ýaş hünärmenleri taýýarlamaklygyň kämil binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Şäherara awtoulag hyzmatynyň gerimi artýar
"Türkmenawtoulaglary" agentligi 2021-nji ýylyň iýun aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, ýurdumyyň welaýat mrkezlerine awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 15-ne çenli uzaldylandygy barada habar berýär.

Türkmenabat Halkara howa menzilinden "Awaza" howa gatnawy ýola goýuldy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýän lebaplylar indi oňa uçarda hem baryp bilerler. 1-nji iýundan Türkmenabat halkara howa menzilinden «Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat» ugry boýunça howa gatnawlary dikeldildi.

Internet sahypalarynda milli domen atlary
Bütindünýä tehnologiýa üstünliklerine daýanýan bäsleşige ukyply sanly giňişligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we ösdürmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Milli bellige alyjy diýip Türkmenistanyň “Milli utgaşdyryjy domen merkezi” hojalyk jemgyýeti döredildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.