Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanyň Prezidenti: eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan TDHÇMB-nyň işini döwrebaplaşdyrmak möhüm
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan baş edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $6,6-11 million derejesinde saklanýar
Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy häzirki wagtda ýylda 6,6-11 million ABŞ dollary derejesinde saklanýar. Bu barada Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça sekretariatyna (SECO) salgylanyp, “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmen-özbek gümrük nokatlarynyň arasynda «sanly TIR» ulgamy synagdan geçirildi
1-2-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokady bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň «Alat» gümrük nokadynyň arasynda ilkinji gezek ýükler «sanly TIR» ulgamyny ulanmak arkaly daşaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
«TM Trade» onlaýn platformasy daşary ýurtly hyzmatdaşlara türkmen kärhanalary barada zerur maglumatlary tapmaga ýardam edýär
«TM Trade» ýeke-täk onlaýn söwda platformasy öz sahypalarynda ýüzlerçe türkmen kärhanalary baradaky zerur maglumatlary jemleýär. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirýän telekeçilere ol ýa-da beýleki bir kärhana, ýa bolmasa-da işewürlik ugry boýunça gerekli bolan maglumatlary ýeňil tapmaga ýardam edýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesi berildi
Düýn Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi. Duşuşykda myhman Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesiniň berlendigi hakyndaky güwänamany gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berildi.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri dört ýaşady
2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda işläp başlan we okyjylara türkmen, iňlis, rus hem-de türk dillerinde habarlary ýetirýän “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri dört ýaşady.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Sagdyn nesil – röwşen geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
1-nji iýunda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Sagdyn nesil – röwşen geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýolagçy awtoulag sürüjileriniň hünär bäsleşiginiň ýeňijisi
2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen “Türkmenawtoulaglary” agentligi we Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilelikde «Döwrüň bagtyýar, ýolum ygtybar» atly hünär bäsleşiginiň ýurt boýunça jemleýji III tapgyry geçirildi. Oňa «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginden hem iň ezber sürüjileri gatnaşdylar.
«Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli geçirilen maslahat
Malim bolşy ýaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, guramanyň agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.
Eýranyň diplomaty: Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe giriziler
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars aýlagy boýunça meseleler bölüminiň baş müdiri Alireza Enaýati geljekde Omany, Eýrany, Türkmenistany we Özbegistany birleşdirýän ulag geçelgesiniň işe giriziljekdigini habar berdi. Bu barada Eýranyň “Tehran Times” gazeti sişenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.