Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1643cd20361336.jpeg
2 ýyl ozal
«China Southern Airlines» 25-nji aprelden Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlary ýola goýar

Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy 25-nji aprelden Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlaryny dowam etdirer.

1643cd7c6c3bf3.jpeg
2 ýyl ozal
«TM Trade» onlaýn-platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

«TM Trade» – bu kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine giň köpçüligi öz iş ugurlary bilen tanyşdyrmak, haryt nyşanynyň meşhurlygyny artdyrmak, täze hyzmatdaşlary, müşderileri hem-de haryt bilen üpjün edijileri tapmak üçin amatly we ýeňil usuldyr.

16438f5d46787d.jpeg
2 ýyl ozal
«D» topara degişli şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjiler işe çagyrylýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «D» topara degişli şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri işe kabul edýär. Bu barada açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti resmi saýtynda habar berdi.

1643cd433ebc46.jpeg
2 ýyl ozal
Belarusyň ilçisi Aşgabatda MAZ AGPJ-niň wekiliýeti bilen duşuşdy

Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý çarşenbe güni «BELAVTOMAZ» Holdingiň dolandyryş kompaniýasy — «Minsk Awtoulag Zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasy habar berdi.

16438f4ca2f075.jpeg
2 ýyl ozal
«Belet Film» we «Älem TV» hyzmatlaryna indi «Çapar» goşundysy arkaly töleg edip bolýar

«Çapar» mobil goşundysynyň kömegi bilen indi Türkmenistanyň raýatlary «Belet Film» onlaýn-kinoteatry we «Älem TV» hemra aragatnaşygy esasyndaky teleýaýlym hyzmatlaryna ýeňil hem-de tiz töleg geçirip bilerler.

1643814b324e9f.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII sport ýaryşlarynyň jemleýji duşuşyklary dowam edýär

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII sport ýaryşlarynyň jemleýji duşuşyklary dowam edýär.

164378eef5fb37.jpeg
2 ýyl ozal
Moskwada 27-nji Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler

17-19-njy aprelde Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde 27-nji Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler. 12 bölümde geçiriljek halkara sergä dünýäniň 18 ýurdundan logistika, ýükleri saklap bermek, ekspeditorçylyk we ammar enjamlarynyň üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 245-si gatnaşarlar.

164378c47f40c0.jpeg
2 ýyl ozal
«Belawiýa» ýolagçylara Türkmenistana girmegiň täze düzgünlerini düşündirdi

Türkmenistanda ýurda girmek üçin üýtgedilen düzgünler güýje girdi. Şunuň bilen baglylykda «Belawiýa» awiakompaniýanyň ýolagçylary üçin bildiriş berdi:

164378968e9ae6.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen-özbek serhedindäki «Farap» gümrük nokadynyň günlük geçirijiligi 1000 awtoulaga ýetiriler

Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär.

164363b45d742c.jpeg
2 ýyl ozal
“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-025 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.