Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Ynamly taksi» Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin elýeterli boldy
«Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda onlaýn taksi çagyrmak hyzmatynyň işe girizilendigini habar berýär. Taksini «0656» gysga belgä jaň edip ýa-da «Ynamly taksi» mobil goşundysy arkaly sargyt edip bolýar.

Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy tabşyrdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri Duşanbe şäherinde duşuşarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri şu ýylyň 13-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde duşuşarlar. Täjigistanyň ulag ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyk 14-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty däneli ekinleri üstaşyr geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dürli görnüşli harytlary üstaşyr geçirmek üçin döwrebap we möhüm ulag-logistika merkezidir. Daşary döwletlerden, hususan-da, Russiýa Federasiýasyndan däneli ekinleri import edip, üstaşyr geçirmek portuň esasy işleriniň biridir.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň tertibini düşündirýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy » açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň syýasatyny mälim etdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bugdaý önümleriniň importyny dowamly kabul edýär. Bu ýükler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan gämiler arkaly getirilip, portuň Umumy ýükler terminaly hem-de Ürgün ýükler terminalyndan geçirilýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen wekilýeti Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda guraljak Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer
7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň Federal Söwda we senagat ministri doktor Gohar Ejaz bilen duşuşdy. Bu barada Pakistanyň söwda ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi.

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär
Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar
Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda ýolagçy howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýär. Muny Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen Işewürlik duşuşygynda mälim etdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.