Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Ýurdumyzdan demir ýol ulagy arkaly üstasyr geçyän wagonlaryň kesgitlenen wagty
Türkmenistanyň çäginden demir ýol ulagy arkaly üstasyr wagonlaryň serhet geçelgelerinden geçyän wagty, aralygy, we daşalmaly möhleti barada maglumatlar

«Türkmentel — 2023» atly halkara sergi we ylmy maslahat
9-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistan Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen harytlar bilen üpjün etmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär

Hormatly Prezidentimiz YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi.

Türkmenistana gelýän, onuň çäklerinden üstaşyr geçýän ýük awtoulag tirkegleri hem-de ýarym tirkegler üçin ýygymlar we tölegler bellendi
Bu barada 2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady
9-10-njy noýabrda Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty birinji iş gününe başlady.

Häzirki tehnologiýalar döwri 5G usulyna gadam basmaga taýýarlyk görýär
2023-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly okuw sapagy geçirilýär.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde, öňdebaryjy täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Paýtagtymyzda aragatnaşyk boýunça GDA azga ýurtlarynyň maslahaty geçirildi
8-nji noýabrda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriniň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.