Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar
«Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň birnäçesiniň uçuşlary üçin petek satyn almak boýunça hyzmatyny hödürleýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça gatnawlaryny dowam etdirer
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dowam etdirer. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumy okgunly ösýär
"Türkmenhowaýollary" agentligi şu ýyl hödürlenýän hyzmatlaryň mukdaryny ýokarlandyrmakda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda has uly ösüşe eýe boldy. Ýanwar-noýabr aýlarynda raýat awiasiýa pudagy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 199 göterim ösüş depgini gazandy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 22-nji dekabrdan Aşgabatdan Bangkoga yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Uçuşlar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar.

Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi
Golaýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Dostluga çagyrýar sagy hem soly, Arkadag Serdarly, Gahryman ýoly» atly dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi. Çäre Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy.

«Türkmenhowaýollary» agentligi iki esse ösüş gazandy
«Türkmenhowaýollary» agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýolagçy we ýük daşmalaryň sanyny takmynan iki esse artdyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren hasabatynda aýtdy.

Türkmenistanda täze 71 ulgamlaýyn kod elýeter boldy
Türkmenistanyň “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory täze 71 ulgamlaýyn kody ornaşdyrdy.

AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar
Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen ýeňillikli karzy özleşdirmek arkaly durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, iň bir häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmeklige ukyply tehnologiýalary gurnamak işleri hem alnyp barylýar.

Gazagystan Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Ýewropa ýükleri daşar
Gazagystanyň Ulag ministrligi ýurduň logistika kompaniýalarynyň Ýewropa ýük daşanlarynda Günorta ulag geçelgesinde peýdalananlarynda erkin üstaşyr geçişi üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralary bilen gepleşikleri geçirdi.

Aşgabatda DÝHG agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň Baş direktorlarynyň maslahaty geçiriler
Demir Ýol Hyzmatdaşlygy Guramasynyň (DÝHG) Baş direktorlarynyň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 2024-nji ýylyň 13-19-njy aprelinde Aşgabatda geçiriler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.