Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi owgan harytlarynyň sergisine gatnaşýar
4-nji martda Aşgabatda açylan owgan harytlarynyň sergisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň stendi görkezilýär. Bu barada «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berdi.

4G ulgamy - Internete bolan islegi has-da artdyrýar
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli aragatnaşyk ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça innowasion meýilnamalaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar.

300-den gowrak söwda nokatlary we Internet dükanlary halkymyzyň hyzmatynda
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köpugurly hyzmatlary Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürler maslahaty öz işine başlady
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Söwda-senagat edarasyna 2024-nji ýylyň 4 – 6-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisini hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanda internet sahypalarynyň sanyny köpeltmek boýunça işler amala aşyrylýar
1-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistan Transhazar ulag geçelgesi sanly geljege tarap ädimleri sanlylaşdyrmak boýunça seminarda wekilçilik etdi
«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara gatnaşdylar. Seminar Tbilisi şäherinde geçirildi.

Raýat awiasiýasynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ilerleýär
3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody deňiz gämi gatnaw pudagynda müşderileriň dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.

"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň wekilleri döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda gyrgyz tejribelerini öwrendiler
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron özara gatnaşyklaryň synag ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda tejribeleri öwrenmek maksady bilen 26-njy fewral - 1-nji mart aralygynda agentligiň wekilleriniň Gyrgyzystana sapary guraldy.

“Demirýollary” AGPJ bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti duýduryş (signalizasiýa)-merkezleşdirilen blokirleme ulgamyny, şeýle hem telemehanikany ýola goýmak üçin enjamlary we abzallary satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-025 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.