Rubrikalar
Rubrikalar
1628bd7b4abd8e.jpeg
3 aý ozal
Sanly ykdysadyýet - durnukly ösüşiň esasy ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmagyň uly ähmiýeti bardyr.

1644ea9cb4daeb.jpeg
2 ýyl ozal
KÄMIL ÝAŞLAR – KUWWATLY WATAN

Döwletimizde taryhy ähmiýete eýe bolan syýasy-jemgyýetçilik wakalaryň halkymyzyň agzybirliginde geçirilmeginiň özboluşly manysy, ilkinji nobatda, halkymyzyň milli häsiýetinde, jemgyýetimiziň her bir agzasynyň ertirki gününe bolan uly jogapkärçiliginde hem-de geljege bolan berk ynamynda jemlenýär. Şunda, hususan-da, döwlet berkararlygyny gözüniň göreji ýaly görýän ýaşlara, ertirki Watan eýelerine aýratyn ornuň degişlidigi bolsa buýsanmaga mynasyp hakykatdyr.

1626b6774b649f.jpeg
2 ýyl ozal
SAZLAŞYKLY IŞLERIŇ AÝDYŇ NETIJESI

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesle berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylýar we halkara ülňülerine laýyk ýola goýulýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerimiziň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlaryndaky ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 

1626b83c631583.png
2 ýyl ozal
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar.

1699930352eee1.jpeg
3 hepde ozal
BILIM — KÄMILLIGIŇ NURANA ÝOLY

Ata Watanymyzyň beýik geljegi şu günki nesliň aljak bilim-terbiýesi bilen baglanyşdyrylýar. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim we terbiýe berlişiniň hil derejesini barha ýokarlandyrmak alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň esasyny düzýär. Häzirki döwürde döwletiň ylym-bilim ulgamy ýurduň ösüşiniň guralydyr. Biziň ýaşaýan jemgyýetimizde adamlaryň bilime bolan höwesi, ylymda täze oýlap-tapyşlara bolan ymtylmalar has-da ösýär we kämilleşýär.

1657040ce3beff.jpeg
2 ýyl ozal
Bagy-bossan Aşgabat

Pasyllaryň soltany baharyň ülkämize nur-bereket paýlap ygally gelmegi al-ýaşyl gülleri bilen älemgoşar deýin lowurdaýan mähriban paýtagtymyzy gaýtalanmajak gözellige besledi. Halkymyzda bag ekmek uly sogap iş hasaplanýar. Şoňa görä-de halk içinde «Bag ekeniň ömri baky» diýen pähim hem ýörgünlidir. Halkymyzda akar suwa ýap gazmak, ýol çekmek, köpri gurmak,ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek sogap hasaplanypdyr. Şeýle asylly däplere halkymyz uly sarpa goýýar.

16544be2657d53.jpeg
2 ýyl ozal
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEKDE DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň eşretli döwrana beslenen günlerinde “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir.

16544bd4cee88f.jpeg
3 aý ozal
DIL – DOSTLUK KÖPRÜSI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.

1626cd5e7c465f.jpeg
2 ýyl ozal
Kämilligiň aýdyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli pudaklar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşleriň ak ýolundan öňe barýar. Çünki ylym-bilim bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçin hem Watanymyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

1627181ea0254a.jpeg
3 aý ozal
SANLY BILIM ULGAMY

Häzirki wagtda bilim ulgamynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky düýpli täzelikleriň durmuşa geçirilmeginiň anyk maksatlary halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýmek, bilimiň ösdürilmegi esasy zerurlyklaryň biri bolup, bu ulgam barha kämilleşdirilýär. Bilim-ylym ulgamynyň dürli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine örän möhüm ähmiýet berilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.