Rubrikalar
Rubrikalar
1672314cc63e9c.png
7 aý ozal
2024-NJI ÝYLYŇ IŇ GOWY FUTBOLÇYSY

Ispaniýanyň ýygyndysynyň we Angliýanyň «Mançester Siti» klubynyň ýarym goragçysy Rodri «France Football» žurnalynyň möwsümiň iň gowy futbolçysyna gowşurýan abraýly «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Dabaraly gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Parižiň Şatle teatrynda geçirildi. Baýragy Rodrä «Altyn top» baýragynyň taryhynda oňa Afrikadan ýeke-täk eýe bolan we Liberiýanyň ozalky prezidenti Jorj Wea gowşurdy.

1672311b48247c.png
7 aý ozal
GADYMY TARYHY MESGENLER

Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw, Peşan, Daňdanakan, Amul, Zemm, Saragt, Mehne, Abywerd, Kufen, Nusaý, Ýazyr, Dehistan, Ahur we beýleki ululy-kiçili şäherleri, Demirgazyk Türkmenistanyň Köneürgenç, Zamahşar, Wezir wе beýleki şäherleri uly ösüşde bolupdyrlar.

16723177d99d52.png
7 aý ozal
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR

Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.

2 ýyl ozal
Bulary bilmek gyzyklydyr

Ynsan beýnisiniň mümkinçiliginden has ýokary başarnyga eýe bolan iň güýçli kompýuter sekuntda 38 müň trillion amaly ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu kompýuter 3,584 terabaýt ýady bilen tapawutlanýar.

2 ýyl ozal
Iň uly bazar

Stambul iki yklymyň arasynda ýerleşen, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni merkezleriniň biri bolan Wizantiýa, Osman jahanşalyklarynyň şäheridir.

2 ýyl ozal
Ýer şary barada gyzykly maglumatlar

Ýer şary bowling şaryndan hem tekizdir. Ýer ýüzündäki iň beýik dag we iň çuň çöketligi hem dünýäniň galyňlygynyň 1/5000 bölegini tutýar.

2 ýyl ozal
Bulary bilmek gyzyklydyr

 Latyn sözlerinde we ýazuwda ulanylýan “w” harpy latyn elipbiýinde ornaşmadykdyr.

2 ýyl ozal
Bulary bilmek gyzyklydyr

 Ýaponiýanyň Miýaşima adasynda sosnanyň örän seýrek duş gelýän görnüşi ösýär. “Aždarha sakgaly” diýlip atlandyrylýan bu agajyň boýy bary-ýogy 50 santimetr bolsa-da, onuň ýeriň üsti bilen uzalyp gidýän şahalarynyň uzynlygy 30 metre ýetýär.

2 ýyl ozal
Bulary bilmek gyzyklydyr

Zeminiň her bir künjünde dürli bag-bakja ekinleri biri-birinden tapawutlanýar. Şeýle ekinleriň biri hem Beýik Britaniýada hasaba alnan çyzykly bolgar burçudyr. Täsin bakja önümi C witaminine baýlygy bilen hem tapawutlanýar.

2 ýyl ozal
Bulary bilmek gyzyklydyr

 1751-nji ýylda Fransiýada «Ylymlaryň, sungatlaryň we senetleriň ensiklopediýasy» atly kitabyň ilkinji jiltleri çap edilýär. 200-den gowrak ýazar gatnaşan bu eser şol döwre çenli iň uly göwrümli ensiklopediýa hasaplanylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.