GÜNORTA AZIÝANYŇ TÄSIN ÝURDY
31-10-24

Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.
Etniki topar:
Hytaý Gündogar Aziýanyň sosialistik ýurdy we dünýäde iň köp milletli ýurt. Hytaý iri köpmilletli döwletdir, resmi taýdan Hytaýda 56 etniki topar bar: Han hytaýlylar, Tibetliler, Mongollar, Mançuslar, Naksiler we 2000-den az adam bolan kiçi topar Hejenler ( Hezhen). Şolaryň arasynda Han hytaylylar iň uly toparwe umumy Hytaý ilatynyň 91.60%-i Han hytaýlylardyr. Her toparyň Hmong-Mie, Tai-Kadai hytaý dilleri ýaly dürli şiweleri bar we dürli görnüşli medeni däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Etnik toparlaryň köpüsi Han hytaý topary bilen birleşýärler we aýratyn sebit medeni däpleri bilen esaslanýarlar.
Hytaý iýmitleri
“Iýdiňizmi?” sözi hytaýlylar üçin umumy “salam” diýmekdir. Munuň sebäbi hytaýlylar iýmegi gowy görýärler. Iýmit Hytaýda ylym, sungat we jemgyýetçilik işidir. Hytaýyň iýmit medeniýei beýleki ýurtlardan düýpgöter tapawutlanýar. Hytaý aşhanasy özüniň baý iýmit medeniýeti sebäpli dünýäniň iň gowy aşhanasydyr. Hytaýyň iýmit medeniýeti dürli sebitlerde dürli görnüşde bişirilýär, ýöne düzümi tebigy we oba hojalyk önümlerine esaslanýar. Unaş (makaron), tüwi we buglanan çörekler Hytaýda esasy iýmitlerdir. Tüwi kiçi tabakda, et we gök önümler bolsa tabakda ýa-da uly tabakda aýratyn berilýär. Bulardan başga-da Hytaýda birnäçe görnüşli naharlary bardyr.
Hytaý dili
Hytaý iň köp ilatly ýurt we Hytaýda gürlemek üçin birnäçe dilleri bar. Hytaý dili dialekt diýilýän köp sebitleýin görnüşlerden durýar. Hytaý dilinde resmi dil Mandarin “Putonghua” diýilýär. Hytaýda başga-da birnäçe esasy şiweleri , ýagny Ýue ( Kanon), Sýan (Hunan), Min şiwesi, Gan şiwesi, Wu şiwesi we Kejia ýa-da Hakka şiweleri bar. Mandarin Hytaýda iň köp gürlenilýän şiwedir we beýleki hytaý şiwelerinde gürleýänler tarapyndan Hytaýda ikinji dil hökmünde ulanylýar. Hytaýyň Şanhaý şäherinde mandarin şiwesi ulanylýar, Pekinde bolsa ondan biraz tapawutlyrak ýagny gürleşenlerinde ‘r’ harpyny köpräk ulanýarlar. Köp adamlar hytaý dilini ikinji dil hökmünde öwenýärler. Hytaý dilini öwrenmek isleýän ýa-da Hytaýda işlemek isleýän adamlar, ýeterlik derejede erkin gürlemek üçin 3000 sany iýoroglif öwrenmeli. Hytaý dili esasan tonly dildir. Hytaý dilinde esasan 4 sany ton bolup, bäşinjisi bolsa erkindir ýagny tonsyz görnüşidir. Mysal üçin: mā, má, mă, mà we ma.
Bu sözleriň her haýsynyň manylary dürli-dürlidir. Hytaý dilinde sözleriň manysy tonuna görä düýpgöter üýtgäp biler. Hytaý dili dünýäniň iň gadymy dilidir.
Saadat Çaryýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy.

TÄSIN GYŞ
Gyş pasly täsin pasyl bolup onuň başlanyşy 3 hili düşündirilýär. Kalendarda gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýar. Meteorologlaryň hasaby bilen howa sowanda gyş pasly başlanýar. Astronomiýada bolsa 21-22-nji dekabrda başlanýar. Howanyň iň sowuk hasaba alynmagy taryhda – 91.2 gradusa deň boldy. Ol Antraktida materiginde Sputnikden hasaba alnandyr.

DÜNÝÄDE MEŞHURLYK GAZANAN KETENI
Halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem türkmen milli lybaslarydyr. Lybaslar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň çeper döredijiliginiň iň nepis gözelliklerini özünde jemleýär.

GADYMY SÖWDA ÝOLLARY
Arheologlar gündogar Özbegistanyň daglarynda iki sany orta asyr şäheriniň harabalyklarynyň üstünden bardylar. Bu barada BBC habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

GYMMATLY GADYMY EL IŞLERI
Türkmen halky her bir işiň başyny başlanda birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Hojalygyň ähli ugurlary boýunça haýsy işiň başy başlansa ýagny, maldarlar mal bakanda, binagärler öý gurup başlanlarynda, bugdaý hasyly ekilende we ýygnalanda we gelin-gyzlarymyz hem öz el işlerine başlanlarynda hökman bir dessury ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler.

GÜNORTA AZIÝANYŇ TÄSIN ÝURDY
Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.