Tebigata söýgi — Watana söýgi

03-10-24

Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy giňden wagyz edilýär, arassa daşky gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu babatda ýaş nesilleriň kalbynda ata Watanymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgini artdyrmak hem möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bize bu işde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärmenleri ýakyndan ýardam edýärler. Olar çagalara ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, dürli bag nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilişi, olara ideg ediliş usullary barada wideoşekilleriň üsti bilen täsirli gürrüňleri berýärler. Bu bolsa çagalarda ata Watanymyzyň tebigy gözelliklerini artdyrmaga, olary gorap saklamaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Beýleki dersler bilen bir hatarda, başlangyç synplarda okadylýan tebigaty öwreniş dersinde çagalara ekologiýa barada ilkinji düşünjeleriň berilmegi olarda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, bag ekmek işlerine mynasyp goşant goşmak ýaly endikleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşini üpjün etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ekologiýa babatynda bitirilýän toplumlaýyn işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle işleriň hatarynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gür baglyga bürenýän seýilgähleri döretmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly amal edilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar.

Gadymy türkmen topragy medeni ösümliklere hem-de haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez düzlüklerimiz we sähralarymyz ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşlerini özünde jemleýär. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz medeni mirasyň bölegi bolan we belli bir derejede jemgyýetçilik we ahlak terbiýäni öz içine alýan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň inçe ýollaryny kämil derejede özleşdiripdirler. Tebigatymyzyň gözelligi halkymyzyň urp-adatlarynyň, milli däp-dessurlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçmek bilen, nepis türkmen halylarynyň nagyşlarynda, gelin-gyzlarymyzyň şaý-seplerinde özüniň aýdyň şöhlelenmesini tapypdyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanylmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär» diýip, aýratyn belläp geçýär.

Ekologiýa medeniýeti, munuň özi, adamlaryň tebigaty, olaryň gözelliklerini kabul edişiniň derejesidir hem-de her bir adamyň älem giňişliginde öz eýeleýän ornuna baha berip bilmegidir, adamyň dünýä bolan gatnaşygydyr. Ekologiýa medeniýetiniň ýokary derejesi adamlaryň tebigy baýlyklary peýdalananda tebigata zyýan ýetirip biläýjek hadysalaryň ähli görnüşlerini aradan aýyrmalydygyny aňladýar. Şeýle hem daşky gurşawy gorap saklamak üçin nähili çäreleri geçirmelidigi baradaky bilimleri öz içine alýar we onuň merkezinde adamlaryň tebigaty goramak işine işjeň gatnaşmaga bolan taýýarlygyny aňladýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşini üpjün etdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa babatynda bitirilýän toplumlaýyn işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle işleriň hatarynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gür baglyga bürenýän seýilgähleri döretmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly amal edilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar.

Gadymy türkmen topragy medeni ösümliklere hem-de haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez düzlüklerimiz we sähralarymyz ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşlerini özünde jemleýär. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz medeni mirasyň bölegi bolan we belli bir derejede jemgyýetçilik we ahlak terbiýäni öz içine alýan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň inçe ýollaryny kämil derejede özleşdiripdirler. Tebigatymyzyň gözelligi gorap saklamak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Hemra BEŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Gidromeliorasiýa we agromehanika bölüminiň bölüm müdüri.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.