Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry

30-04-26

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar. Şeýle-de döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalar «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly,  «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Karar kabul edildi. Bu resminama laýyklykda, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki oba hojalyk önümini öndürijiler ýeňillikli bank karzlaryny 10 ýyla çenli möhlete alyp bilerler. Şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, mehanizmleri hem-de gurallary, ekskowatorlary we buldozerleri, suwaryşda ulanylýan turbalary satyn almak üçin ýylda 1 göterim, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýylda 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlet bilen karz berilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzda 2018-nji ýylda «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda» Karar kabul edilmegi, oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakda, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmekde, pudagara bazar usullaryny ornaşdyrmak we hususy telekeçileri giňden çekmek ýaly möhüm wezipeleri çözmekde uly ähmiýetli waka boldy. Bu Karardan gelip çykýan wezipeler häzirki wagtda doly durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda daýhan birleşikleriň ekerançylyk ýerlerinde oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberleri tassyklanyldy, şol ýer bölekleri Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik taraplara we raýatlara 99 ýyl möhleti bilen peýdalanmaga berlip başlanyldy. Ilkinji nobatda, bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň azyndan 70 göterimi şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleri üçin ulanylýar. Galan ýer böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ekilýär. Bu ýerleri peýdalanyjylaryň döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri önüm öndürijileriň öz ygtyýarynda galdyrmaga we döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyrmaga hukugy bardyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (AOHG) bilen bilelikde sebitleýin taslamalaryň 5-si amala aşyrylýar. AOHG-niň «Merkezi Aziýada ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini artdyrmak arkaly bug gaz zyňyndylaryny azaltmaga ýardam bermek» atly sebitleýin taslamanyň ýerine ýetirilýändigi oba hojalygynyň bu ugrunyň ösüş derejesiniň ýokary boljakdygynyň nyşanydyr.

Häzirki wagtda ýaşyl başly maýsalar öwsüp oturan bugdaý meýdanlaryny, garyş-garyş ýarym boý alyp, ygşyldaşyp oturan pagta atyzlaryny, sogandyr ýeralmanyň boý alan keşlerini göreniňde, ol meýdanlaryň içinde hatar gurap ýören tehnikalary synlanyňda, döwletimiziň her bir raýatyň geljegi barada edýän tagallalaryny duýmak bolýar.

Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda şeýle uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Öwezmyrat ALTYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.