Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni
20-09-24
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy martynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag etmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar ýetirildi — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänama berildi. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň meselelerine amal etmekde bitirýän işleriniň nobatdaky ykrarnamasy boldy.
Bag ekmek, daş-töweregimizi gülzarlyga öwürmek, onuň adamlara paýlaýan ruhy lezzetini söz bilen beýan etmek mümkin däl. Ata-babalarymyzdan galan mirasyň biri-de, bag ekmek, daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek işidir. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Bu ynsanperwer çäräniň ýurt derejesinde ýola goýulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bize görkezen nusgawy ýörelgesi halkymyz tarapyndan uly goldawa mynasyp bolup, agzybirlikde üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde geçirilýän bag ekmek dabaralaryna eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde ilat köpçüligi uly höwes, joşgun bilen gatnaşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazky we güýzki bag ekmek dabaralaryna gatnaşyp, asylly işlere badalga bermekleri Ýer ýüzünde nusgalyk ýörelgä eýe boldy. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan döwleti BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrdy. Bu hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri-de ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmekdir. Bu köpugurly, toplumlaýyn geçirilýän işde tokaý zolaklaryny döretmek aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Birnäçe ýylyň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu günki gün Türkmenistanda bag ekmek işi tebigy zolaklaryň has-da kämilleşmegine ýardam edip, her bir türkmenistanly üçin nusgalyk ýörelgä öwrüldi.
Ak mermerli Aşgabat barha gözelleşýär we öz çäklerini giňeldip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Milli Liderimiz we Arkadagly Serdarymyz şäher ilatynyň ýaşaýşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly gurşawyň döredilmegini, adamlaryň wagtyny peýdaly we şatlykly geçirmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Soňky ýyllarda tutuş etraplar döwrebaplaşdyryldy, ähli zerur düzümi bolan täze ýaşaýyş toplumlary, seýilgähler emele geldi. Binagärligiň we inženerçilik-tehniki çözgütleriň möhüm desgalary hasaplanylýan ýüzlerçe binalar guruldy. Şolaryň käbirleriniň abraýly halkara baýraklara mynasyp bolmagy hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi milli binagärlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygyny görkezýär.
Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Şeýle hem şäher gurluşygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Iri möçberli ekologiýa maksatnamasyna paýtagtymyz Aşgabadyň goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu şatlykly waka bilen döwlet Baştutanymyzy, watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys, şeýle dünýä nusgalyk üstünlikleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Guwanç MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.