TÜRKMEN BEDEWLERI — MILLI BUÝSANJYMYZ
27-04-23
Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen dabarada eden taryhy çykyşynda ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça möhüm işleriň dowam etdiriljekdigini belläp geçdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmegi diňe bir türkmen halkymyzy däl, eýsem, dünýä halklaryny hem begendirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli miraslarymyzyň taýsyz genji hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň şöhraty bütin Ýer ýüzüne doldy. Düýn ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda hem-de uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Milli gymmatlygymyzyň hormatyna geçirilen baýramçylyk dabaralary ýakymly wakalara juda baý boldy.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň baýramçylyk at çapyşyklaryna döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy, şeýle-de çapyşyklarda ýeňiji bolanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul baýraklarydyr gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ilki bilen, baýramçylygyň çäklerindäki esasy wakalaryň paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi bilen badalga alandygyny bellemek gerek. Bu mejlisde hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşy assosiasiýanyň döredilen gününden bäri geçen döwrüň dowamynda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatda amala aşyrylan beýik işleri birin-birin göz öňümizde janlandyrdy.
Şeýle hem 30-njy aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Onda bäsleşikleriň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine bolsa ýeňil awtoulagyň açarynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň bedew ata bolan sarpasynyň juda belentdigini ýene bir gezek bütin dünýä äşgär etdi.
Birnäçe günläp dowam eden baýramyň çäklerinde atly sportuň marafon, konkur görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýelden ýüwrük bedewlerimiziň häsiýetli aýratynlyklaryny dünýä ýaýýan sergiler guralyp, halkara ylmy maslahatlar geçirildi. Bedewleriň paýtagtymyzdaky heýkelleriniň ýanlaryna döredijilik işgärleriniň awtobusly gezelençleri guraldy. Ahalteke bedewleriniň gözelligini hem-de türkmen alabaýlarynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine toý serpaýlary ýapyldy.Bu zatlaryň ählisi ajaýyp milli miraslarymyzyň gadyryny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde örän ähmiýetli boldy.
Goý, milli gymmatlyklarymyzy ýokary derejede sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýegendurdy DURDYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.