MILLILIGE ÝUGRULAN NESIL TERBIÝESI
30-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar günlerinde türkmen perzendini asylly sypatlarda kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, okuw-terbiýeçilik ileriniň usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyna şol sanda bilim işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan hem nesilleri terbiýelemegiň ylmy esaslaryna daýanýan milli pedagogikanyň usulyýeti çuňňur öwrenilýär we tejribeler arkaly berkidilýär.
Çagalar baglaryndaky körpeler terbiýeçileriň üns-aladasy bilen gurşalýar. Terbiýeçiler körpeleriň irki ösüşini üpjün etmek, olaryň sözleýşini kämilleşdirmek üçin dürli usullary peýdalanýarlar. Munuň üçin terbiýeçilik ähmiýetli oýunlary peýdalanmak, ertekileri gürrüň bermek ýaly gyzykly usullary peýdalanmak bolar. Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler dürli ugurlara gyzyklanma bildirýärler, olar oýnamagy, tebigatda gezelenç etmegi, ertekileri diňlemegi halaýarlar. Terbiýeçi her bir çaganyň gyzyklanmasyny öwrenip durmalydyr. Olaryň düşünjelerini ösdürip, körpelere terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli usullary ornaşdyrmak terbiýeçileriň paýyna düşýär. Olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin okatmagyň we terbiýelemegiň işjeň usullaryny ulanmalydyr. Bu usullaryň çaganyň irki ösüşiniň ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik etmelidir.
Ýaş nesle bilim, terbiýe bermekde ertekileriň ähmiýeti örän uludyr. Mysal üçin, terbiýeçi çagalara gyzykly ertekini aýdyp berse, olaryň dünýägaraýşy hem ösýär. Şonuň üçin hem ertekini gürrüň bermegiň aýratynlyklaryny öwrenýäris. Häzirki wagtda ertekileri gürrüň bermekde multimedia tagtasyndan peýdalanmak has-da ähmiýetlidir. Şunda ertekileriň gahrymanlarynyň suratlaryny multimedia tagtasynda görkezýäris. Şeýle hem suratlaryň kömegi bilen, ertekini gürrüň berýäris. Bu usul ertekiniň ýatda galmagyna oňat täsir edýär. Çagalar ertekini göz öňüne getirenlerinde hem suratlaryň şekillerini ýada salýarlar. Şeýlelikde, çagalar ertekä giňişleýin düşünýärler, olarda dostluk, zähmet çekmek, birek-birege kömek etmek ýaly oňat düşünjeler kemala gelýär. Şeýle hem, terbiýeçi ertekini gyzykly we manyly gürrüň bermek bilen, körpeleriň söz baýlygyny artdyrýar.
Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalara manyly hem-de täsirli sözleri bolan ertekileri gürrüň bermeli. Mysal üçin, türkmen ertekilerinden “Akpamyk” atly ertekini çagalara aýdyp bermek bolar. Şunda çagalar doganlyk hakynda düşünje alýarlar, agzybirligiň, zähmetsöýerligiň ähli zatdan rüstem gelýändigine düşünýärler. Nesil terbiýesinde hem çagalykdan gowy endikleri kemala getirmek, ýagşylygy ündemek zerur bolup durýar. Şonuň üçin hem şeýle täsirli ertekilerden soňra körpeler bilen pikir alyşýarys. Olardan ertekiniň haýsy gahrymanyny gowy görendiklerini soraýaryn. Çagalar uly höwes bilen Akpamygyň doganlaryna kömek edýändigi hakynda aýdyp berýärler. Bu bolsa olaryň ýagşy gylyklary, häsiýetleri tiz ýadynda saklaýandyklaryny, geljekde gowy adamlar bolup ýetişjekdiklerini alamatlandyrýar.
Terbiýeçi çagalary şeýle usulda terbiýelemeli, milli ýörelgeleri olaryň aňyna guýmaly. Milli terbiýe bolsa, türkmen ertekilerinden we çagalaryň ene dilimizde sözleýiş endikleriniň kemala gelmeginden başlanýar. Şeýle hem çagalar bagymyzda sözleýşi ösdürmek, tebigat bilen tanyşdyrmak, aýdym-saz, sowat öwretmek, surat çekmek boýunça sapaklar guralýar. Ol sapaklaryň üsti bilen körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, akýüreklilik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak ýaly asylly sypatlar kemala getirilýär. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan çagalaryň üns-alada bilen gurşalýandygyny aýdyň beýan edýär. Iňňän jogapkärli we örän buýsançly bolan çaga terbiýelemek wezipesini alyp barýan terbiýeçiler hem olaryň ýakyn kömekçileri bolan enekeler öz borçlaryny yhlas bilen bitirmegi belent dereje hasaplaýarlar. Şonuň üçin hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” biziň her birimiz öz öňümizde duran wezipelerimizi birkemsiz berjaý etmek üçin terbiýeçilik işiniň mazmuny doly öwrenip, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolup, kämilleşýän zamanamyzyň ruhunda gadam urmaga borçlanýarys.
Ogulboldy TÖRÄÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.