EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — DERWAÝYS MESELE

21-01-26

Ekologiýa howpsuzlygy, suwdan netijeli peýdalanmak, çölleşmäniň öňüni almak ýaly meseleler üçünji müňýyllygyň global meselelerine öwrülýär. Ýurdumyzyň ähli suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şorlaşmak hadysasynyň we ekin meýdanlarynda topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen dünýäniň iň täsin künjekleriniň biri bolan Garagum sährasynda asyryň iň iri gidrotehniki desgalaryň birine öwrülen “Altyn asyr” Türkmen köli döredildi. Bu kölüň gurulmagynyň zerurlygy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, beýleki Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan hem ykrar edildi. Türkmen kölüniň gurulmagy ýurdumyzyň çäklerinde amatly ekologik şertleriň döremegine, yssy we gurak ýerlerde ekoulgamlaryň önümliliginiň artdyrylmagyna hem-de Garagum sährasynyň ortasynda emeli oazisiň döremegine özüniň oňyn netijelerini berip başlady.

Eziz Diýarymyzda milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň “ýaşyl guşagyny” giňeltmek işleri babatda hem çynlakaý, toplumlaýyn başlangyçlar amala aşyrylýar. Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň boýunda düýbi tutulan döwrebap nusgadaky täze obanyň — durmuş-önümçilik toplumynyň çäklerinde “ýaşyl” ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berilmegi muňa şaýatlyk edýär.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny, topragyň ýokary hasyllylygyny üpjün etmäge we bu ugurda ylmy-barlaglary işjeňleşdirmäge, obasenagat önümçiliginiň netijeliligini hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýer we suw serişdelerine aýawly garamaga ýardam edýär. Suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn, ýagyş suwuny peýdalanmak usullarynda suwarmak we ekinleri suwarmagyň beýleki öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.

Bilermenleriň bellemegine görä, önümçiligiň giňemegi, ýeriň we suwuň, tebigy baýlyklaryň tygşytsyz peýdalanylmagy daşky gurşawyň günsaýyn ýaramazlaşmagyna getirýär. Häzirki wagtda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamak zerurlygy aýdyň duýuldy. Ýurduň florasynyň we faunasynyň ähli görnüşleri goralyp saklanylmalydyr. Şu maksatlar üçin ýurdumyzyň Gyzyl kitaby çap edildi.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar hem tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryň bolsa ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk bolmagyna uly üns berilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyza çenli ýer-suw baýlyklaryň bisarpa ulanylandygyny, ýerleriň toprak-melioratiw we ekologik ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny, önümleriň hiliniň pese düşendigini bellemek ýeterlikdir. Indi öňde durýan esasy wezipeler ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan oba hojalyk we senagat önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gözel tebigatynyň has-da baýlaşmagy, döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň, ylaýta-da ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda ekologik düşünjeleri kemala getirmek barada ýurdumyzda yzygiderli alada edilýär, has takygy dünýä döwletleri üçin nusgalyk ekologiýa syýasaty alnyp barylýar.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara bileleşigine we özara peýdaly hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň pajarlap ösmeginde tebigaty gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli hem tygşytly peýdalanmak we beýleki ekologik meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty tebigaty goramaga, tebigy baýlyklardan paýhasly, netijeli, rejeli peýdalanmaga we ekologiýanyň sagdynlaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu döwürde Türkmenistan döwletimizde tebigaty gorap saklamak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde baý tejribe toplandy.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Dünýägül BAZARBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby. 

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.