EKOLOGIÝA SYÝASATY

23-01-26

Ekologiýa syýasatynyň esasy maksady  –  adamyň  ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň  abat saklanmagy hem-de onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipesidir, ählihalk işidir, Türkmenistanyň her bir raýatynyň ahlak borjudyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe bir ussat hünärmen bolup ýetişmegi üçin däl, eýsem olaryň ylmy işlere has işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygyna eýe bolandan öz ýol-ýörelgesini saýlap alyp, tiz wagtyň içinde dünýä siwilizasiýasyna sazlaşykly goşuldy. Ylmy-tehniki ösüş ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösmegine täsir edip, türkmen halkynyň bolelin we erkana durmuşda ýaşamagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Tebigy baýlyklar we olaryň gorlary rejeli, iňňän oýlanyşykly peýdalanyp başlandy. Ähli gazma baýlyklar (nebit, tebigy gaz we ş.m.) çykarylanda daşky gurşawa ýetirilýän täsirler pugta göz öňünde tutulyp, ekologiýa howpsuzlygynyň kadalary berk berjaý edilýär.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar hem tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryň  bolsa ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk bolmagyna uly üns berilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyza çenli ýer-suw baýlyklaryň bisarpa ulanylandygyny, ýerleriň toprak-melioratiw we ekologik ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny, önümleriň hiliniň pese düşendigini bellemek  ýeterlikdir. Indi öňde durýan esasy wezipeler ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan oba hojalyk we senagat önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gözel tebigatynyň has-da baýlaşmagy, döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň, ylaýta-da ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda ekologik düşünjeleri kemala getirmek barada ýurdumyzda yzygiderli alada edilýär, has takygy dünýä döwletleri üçin nusgalyk ekologiýa syýasaty alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ekologiýa meselesi bütin dünýäde adamzady aladalandyrýan möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Täze önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy, hereket edýän tehnologik we beýleki desgalaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak kämil tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.   

Häzirki wagtda çogly güneşli, gaýtalanmajak landşafty, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi we özboluşly näzikligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň tebigy howa şertleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzda daş-töweregi  gurşap alan tebigata has aýawly çemeleşmek  duýgularyny döredipdir. Bu duýgular, garaýyşlar ilimiziň ýaşaýyş-durmuşyna, öý hojalygyny ýörediş aýratynlyklaryna, däp-dessurlaryna  we medeniýetine çuň ornaşypdyr. Gadymdan bäri eziz ülkämiziň özboluşly tebigatyna paýhasly çemeleşmek ýörelgesi halkymyzyň aňyna pugta ornaşyp, ýüze çykan ekologiýa meselelerini çözmegiň özboluşly tärleri kemala gelýär.

Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.