Zenan kalbyndan dörän sungat

10-03-25

Adamzadyň köp asyrlyk taryhynyň köklerini, edebi-ruhy gymmatlyklaryny, asyrlaryň jümmüşinden sünnälenip çykan iň nepis sungat eserlerini özünde jemleýän baý milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy ruhy binýatlarynyň biri bolup durýar. Gadymy ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary bu günki gün biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyryp, ruhumyzy galkyndyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri gadymy däp-dessurlarymyzyň belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň artýan döwrüne öwrüldi. Türkmeniň medeni mirasy juda baý hem-de köp öwüşginlidir. Gelin-gyzlarymyzyň deňsiz-taýsyz el işleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir.

Asyrlary, müňýyllyklary aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmen halysydyr. Türkmen halylary özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýar. Özünde taryhyň syryny saklaýan göller, nagyşlar türkmen halysynyň örän gadymylygyndan habar berýär. Türkmen halysynda halkyň özboluşly, aýdyň ruhy medeniýeti, onuň egsilmez çeperçilik ukyby hem-de göwün islegi öz beýanyny tapypdyr.

Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň ukybyndan dörän halylar türkmeniň durmuşyny bezeýär. Irki döwürlerde ata-babalarymyzyň döreden “Agyr halyny kakyp bolmaz, ownuk daşyn döküp bolmaz” diýen matalyna äpet halynyň asman giňişligine, onuň nagyşlarynyň bolsa, ýyldyzlara meňzedilmegi bu ajaýyp sungatyň mukaddesliginden habar berýär.

Waspy dessana mynasyp türkmen halylary müňlerçe ýyllaryň dowamynda halkymyzyň başdan geçiren ajy we süýji günlerini özüne siňdiripdir. Onuň her bir nagşynda, gölünde enäniň gyzyna ündewi, edepli gyzyň ene-atasyna, gerçek agasyna sarpasy, söwer ýaryna wepasy ýatandyr.

Türkmen halysy özüniň kämilligi arkaly bütin dünýäni haýran galdyryp, häzirki wagtda ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde el halysynyň dünýä derejesindäki şöhratyny saklap gelýär. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu senetleri synlanyňda, ajaýyp bir duýgyny başdan geçirýärsiň.

Biziň ata-babalarymyz: “Öý haly ýazylan ýerden başlanýar” diýipdirler. Çaga özi üçin ýörite dokalan halyda ilkinji ädimlerini ädýär, gyzlar durmuşa çykanlarynda düýä ýükläp haly bukjalaryny alyp gidýär. Öýlenýän ýigidiň öýi-de gelni, haly bilen garşylaýar. Ony gapyda baý nagyşly haly-eňsi garşylaýar, eňsi serpikden soň, onuň öňünde bosaga ýazylan germeçden geçýär, soň ýere ýazylan äpet halynyň üstünde oturdylýar. Öýüň diwarlary haly horjunlardan, gap-gaç salynýan haly önümlerinden doly.

Berkarar döwletimizde halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Ýurdumyzda çeper elli dokmaçy gelin-gyzlarymyza uly sylag-sarpa goýulýar. Bagtly durmuşda ýaşaýan halkymyzy we ýurdumyzy ýagty geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maýa BEGJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.