Ruhy tämizligiň baýramy

19-04-23

On iki aýyň soltany hasaplanylýan mukaddes Remezan aýy haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan aýdyr. Bu aýda pederlerimiziň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, haýyr-sogap işler, ýagşy dilegler edilýär, alkyşlar aýdylýar.

Dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da artýan, şan-şöhratynyň belende göterilýän ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň Oraza baýramyny ýokary agzybirlikde, egsilmez joşgun, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy alýar.

Müňýyllyklaryň dowamynda baý medeniýeti, ajaýyp däp-dessurlary, adat-ýörelgeleri döreden halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna aýratyn hormat goýup gelýär.

Köp asyrlyk taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, durmuş kadalarymyza esaslanýan Oraza aýy halkymyzyň agzybirligini we rowaçlygyny has-da pugtalandyrmaga, nesillerimizi watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga, geljegimize ynamly garamaga ýardam berýär.

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini hem-de bitewüligini alamatlandyrýan ynsanperwer ýörelgelerimizi häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda yzygiderli ösdürmäge we mynasyp dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň beýik ynsanperwerlik däpleri, medeni-ruhy gymmatlyklary esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge, agzybirligimizi pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak we ruhy gymmatlyklarymyz, ynsanperwer ýörelgelerimiz halkymyzda beýik maksatlara tarap ynamly gadam urmaga synmaz erk, sarsmaz gujur-gaýrat berýär. Şoňa görä-de, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini biz özümize nusga edinýäris, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan gymmatly baýlygymyz bolan medeniýetimize belent sarpa goýýarys, ony many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarys.

Ynsanperwerlik, dostluk, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, sabyr-kanagatlylyk, ak ýüreklilik, belent ahlaklylyk, päk wyždanlylyk halkymyzyň mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetleridir. Bu häsiýetler parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetliligimiziň, dost-doganlygymyzyň binýady bolup hyzmat edýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, ýetip gelýän mukaddes Oraza baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we mähriban watandaşlarymyzy tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!

Yslam GARATAÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.