ÝERDE NOWRUZ HORMATY
15-03-25
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni şatlyk-şowhuny, ýakym-ýaraşygy has-da başgaça! Egsilmez ylham-joşgunyň, ak arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, belent maksatlaryň gözbaşy bolan bu baýram halkymyzyň ruhuny has-da belende göterip, tutumly, beýik işlere galkyndyrýar. Gadymy Nowruz baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini özünde jemleýär.
Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem baý durmuş tejribesine daýanýan, köpöwüşginli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary özünde jemleýän bu baýrama ähli döwürlerde uly sarpa goýlupdyr. Asyrlaryň dowamynda onuň many-mazmuny yzygiderli baýlaşdyrylyp gelnipdir.
Edil şonuň üçinde, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy. Halkara Nowruz güni dünýäniň onlarça ýurdunda giňden bellenilip, halklaryň nurana geljege bolan röwşen arzuw-umytlarynyň nyşanyna öwrüldi. Bu baýram adamzadyň umumy medeni mirasynyň, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň bitewüligini beýan edýär. Halklary parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ýakynlaşdyrýar.
Nowruzyň gelmegi bilen keremli türkmen topragyna Günüň mähir-çogunyň siňmegi bilen, daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli we gyzgalaňly döwür başlanýar. Bereketli saçaklarymyzyň datly naz-nygmatlardan dolup durmagy, mukaddes topragymyzdan önýän hasylyň berekediniň egsilmezligi dileg edilip, täze hasylyň düýbi tutulýar. Bu baýram halkyň rysgal-döwletliliginiň hem nyşanydyr. Tebigatyň, jümle-jahanyň joş urýan bahar çagynda ýaşaýşy, tämizligi we gözelligi bagyş edýän Milli bahar baýramynyň döredijilik kuwwaty, joşgunly dabarasy toý-baýramlarymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar, ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň, bagtyýar halkymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini has-da belende göterýär.
Şeýle ajaýyp pursatda, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de bagtyýar türkmen halkymyzy ýetip gelýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen mähirli gutlaýarys!
Ogulşeker ORAZGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.