Aç garna iýilmeli däl 10 iýmit
17-03-23
Bu iýmitler irden boş aşgazanda iýilse, aşgazan içege kynçylyklaryny döredip biler. Ertirlik üçin başga bir önüm saýlamak has gowudyr.
Ýogurt
Siz geň galýarsyňyzmy? Ýok, elbetde yogurt iýip bilersiňiz ol zyýanly diýjek bolamyzok. Emma aç garyna ýogurt iýseňiz, boş aşgazandaky dürli döremelere getirip biler.
Armyt
Armytda aşgazanyň işjeñligine zeper ýetirip biljek gaty köp maddalar bar, şonuň üçin olary aç garnyň üstünde iýmek maslahat berilmeýär. Ýeri gelende aýtsak, armyt iýeniňden soň çig suw içmeli däl.
Pomidor
Pomidordaky taninler aşgazanyň kislotasyny ýokarlandyrýar. Bu gastritiň, pankreatitiň ýa-da kolitiň ösmegine getirýär. Şuňa meňzeş önümlerden tanini köp bolan hurma we süýji kartoşkany hem aytmak bolar.
Banan
Boş aşgazana banan iýseňiz, gandaky magniý derejesi birden ýokarlanýar, bu ýüregiň işine ýaramaz täsir edip biler. Mundan başga-da, boş aşgazanda banan iýmek kaliý we magniý deňsizligine sebäp bolup biler.
Sitrus miweleri
Apelsin, mandarin we greýpfrutda miwe kislotasy köp. Bu miweleri boş garnyň üstünde iýseň, ýürek bulanmagyna we gastritiň döremegine sebäp bolar.
Kofe
Kofe aşgazan kislotasynyň önümçiligini höweslendirýär, ýürek bulanmagyna we aşgazanda agyrlyk duýgusyny döredýär. Ertirlik naharyny diňe bir kofe bilen çalyşsaňyz, serotoniniň ýetmezçiligi ösýär, netijede günüň dowamynda depressiýa sebäp bolýar.
Alkogolly içgiler
Boş aşgazanda içilen alkogol sizi iki esse çalt serhoş eder. Bu ýagdaýda alkogol iýmit siňdirişini haýalladýar.
Sowuk gazly içgiler
Irden sowuk gazly içgileri içmek endigi diňe bir aşgazanyň gyjyndyrmasyna ýaramaz täsir etmän, eýsem gan akmagyny hem haýalladýar, netijede iýmit siňdiriş prosesi erbetleşýär.
Sakgyç
Çeýnemek iýmit siňdiriş ulgamynyň hemme işini işjeňleşdirýär we aşgazan iýmit siňdiriş üçin zerur suwuklygy bölüp başlaýar. Iýmitiň ýerine aşgazanda köp mukdarda kislota bar bolsa, içegämizi zaýalaýar. Netijede, dowamly gastrit we kolit ösýär.
Taýýarlan Ýazberdi TOÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.