Halkyň Arkadagly zamanasynyň beýik gurluşyklary

17-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan ýylymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler ýokary ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanylmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz halkymyz üçin has amatly şertleri döretmegiň şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de tutuş döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge bolmalydygyna hemişe üns merkezinde saklaýar. Milli binagärligiň iň gowy däplerini we dünýäniň şähergurluşyk babatdaky gazananlaryny özünde jemleýän, giň gerimde gurulýan döwrebap desgalaryň ählisi şu ýörelgä laýyk gelmelidir.

Häzirki wagtda täze "Arkadag" şäheriniň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy döwrüň talabyna laýyk derejede, ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleri, şol sanda Ahal welaýaty durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Mälim bolşy ýaly, "Arkadag" şäheriniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda badalga berlipdi. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy üçin seçilip alnan ýeriň ähli görkezijiler babatda şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegini öz içine alýan durmuş-ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Bu iri taslamanyň gurluşygynda seýilgäh-dynç alyş zolagynyň ýerleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Zolagyň çäginde bina edilen taryhy-medeni seýilgähde sebitde bar bolan taryhy ýadygärlikleriň, aramgähleriň we zyýarat edilýän ýerleriň, ýadygärlikleriň şekilleri ýerleşdiriler.

Şäheriň täze merkezi iki tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilýär. Birinji tapgyrda 336 sany binany we desgany gurmak göz önünde tutuldy. Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary bar. Bu ýerde 8 sany saglyk we sport desgasy, 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary we desgasy bolup, olaryň gurluşyk işlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan 62 sany ýerli hususy kärhana, şeýle hem 5 sany döwlet kärhanasy ýerine ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň iň bir gözel ýerleriniň birinde gurulýan täze dolandyryş merkeziň, şäher medeniýeti we ekologiýasy babatynda tebigy gözelligi gorap saklamaga nusga bolmalydygyny belläp geçýär. Şonuň bilen baglylykda dolandyryş merkezi döredilende, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrýan şäher gurluşygynyň we hyzmatlarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýän ösen maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalaryny we ýeke-täk ekosistemany emele getiriji özara ulgama girýän zatlary birleşdirmäge esaslanýan “akylly” şäheri gurmaklyga aýratyn uly üns berilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, “akylly” şäheriň konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýar. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologik ulgam emele gelýär.

“Akylly” şäherler adamlaryň durmuş we ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna alyp barar, häzirki zaman sanly hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün eder, şeýle hem şäher infrastrukturasyny, ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryny, köçe yşyklandyrylyşyny, ygtybarly maglumat binýadyny döretmek we tehniki enjamlaryň işleýşine dogry gözegçilik etmek zerurlygyny üpjün eder. “Akylly” şäheriň esasy ugurlarynyň biri ekologiýa başlangyçlary bilen baglanyşyklydyr. Aşgabadyň bu günki bezemen, amatly we abadan keşbi Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri üçin nusga bolmaga mynasyp ekologiýa medeniýetini kemala getirmek tapgyryna girişendiginiň anyk görkezijisidir.

Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz beýik işleri durmuşa geçirýär. Şeýle işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Güýçgeldi AMANOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.