Türkmenistanyň Esasy Kanuny – baky berkararlygymyzyň binýady
14-05-24
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Döwleti dolandyrmagyň häzirki zaman kadalary hem ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň hukuk namalarynyň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalaryň kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýär hem-de döwletimiziň umumadamzat gymmatlyklaryna ýokary baha berýändigini beýan edýär. Esasy Kanunymyz jemgyýetde asudalygy, agzybirligi berkarar etmek bilen bir hatarda, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny düzýär.
Bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň Konstitusiýasyna berkidilendir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoludyr. Bu aňlatmany milli hem-de halkara bähbitlerini sazlaşykda alyp barýan ýurduň daşary syýasat ýörelgelerinde aýdyň görmek bolýar.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny almak bilen parahatçylygyň hatyrasyna taryhy ädim ätdi. Şu ýyllaryň dowamynda ata Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylyk hem oňyn hyzmatdaşlyk meýdançasyny döretmek bilen, diňe bir öz halkymyzyň ykbalyna däl, eýsem, sebitiň parahatçylyk hem howpsuzlyk meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň beýik nusgasyny görkezip gelýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özeni taryhy we geografik aýratynlygyna, ýurduň etnomedeni barlygyna, özünde gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklaryny we parasatly ruhy däpler bolan hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, geçirimliligi, goňşuçylygy, agzybirligi jemleýän türkmen halkynyň aňyýetine laýyk gelýän pelsepesi bolup durýar. Üstesine-de, halkymyzyň bu asylly häsiýetleri ýurdumyzyň diňe bir içki ösüşini kesgitlemän, eýsem, sebitleýin we ägirt uly möçberlerdäki ösüşiň meýillerini özünde jemleýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy we halklaryň dostlugyny wasp eden bu belent pikirler türkmen döwletiniň ahlak esasy bolup durýar. Türkmenistan alyp barýan daşary syýasatynda halklaryň ýakynlaşmagyny we özara düşünişmegini döwletara hyzmatdaşlygynyň binýady hasaplaýar. Bitaraplygyň kökleri, milletiň ruhy gurluşynyň esasy aýratynlygy we onuň ýaşaýşynyň özboluşly kadasy hökmünde ornaşyp, indi özüniň amala aşmasyny ýurdumyzyň daşary syýasatynda tapýar we dünýä bileleşiginiň mynasyp hormatyna hem-de belent abraýa eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýy, şöhraty we beýikligi gyşarnyksyz ösýär, onuň halkara syýasy derejede orny barha berkeýär. Biziň döwletimize dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň hemişe güýçlenmegi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmeklige uly üns berýänligi, onuň alyp barýan daşary syýasaty we global ähmiýetli öňe sürýän teklipleri bilen kesgitlenýär. Biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň we ornunyň ýokary galmagyna, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy we ruhy baýlygy, jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak we giň gerimli özgertmeler ýoly gönüden-göni täsir edýär.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şatlyk ORAZBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.