Häzirki zaman logistika ulgamy
04-05-23
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ulag-logistika düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan ýük daşamalaryň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, öz çäginde ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün edýär.
Logistika adalgasy häzirki döwürde ulaglar ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek jähetinden örän ýörgünlidir. Halkara hyzmatdaşlygynda logistika adalgasyna önümiň, harydyň ýa-da hyzmatyň dolandyryş ulgamyny ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Şeýlelikde, Ulag logistikasynyň esasy maksady logistikanyň umumy maksadyndan gelip çykýar we daşamak üçin çykdajylar az bolan şertlerinde harydyň bellenen ýerine gerek wagtynda we eltilip berilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.
Ýurdumyzda ulag toplumynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugry ösen we täsirli ulag ulgamyny döretmek, hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek esasy wezipe bolup durýar. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtoulag, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. Ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän täze howa menzilleri bina edilýär, demir ýollar, ýokary tizlikli awtoulag ýollary, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Demir ýol, deňiz we howa ulaglarynyň üsti täze, döwrebap gämiler, wagonlar, uçarlar bilen ýetirilip, ulag hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmen logistika assosiasiýasy» hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň barha ilerlemegine getirdi.
Birnäçe kompaniýalar üçin işewürligiň we söwdanyň globallaşmagy şeýle-de üznüksiz we durnukly ösüş islegi, umumy kabul edilen kadalara laýyklykda önüm öndürmekde, önümler üçin içerki we daşarky satuw bazarlaryny gözlemekde we amatly logistika çözgütlerini tapmak bilen beýan edilýär. Bu Türkmenistanyň geografiki aýratynlyklaryndan peýdalanmagy ýokary derejä çykarmagy maksat edinýän Türkmenistanyň transport syýasaty, bu ugurdaky halkara ykdysady integrasiýany şeýle-de hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin döredilen logistika mümkinçiliklerine wagtyň geçmegi bilen talap bildirýär.
Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ulag we logistika ulgamynyň innowasiýa ösüşini dolandyrmagyň esaslaryny öwrenmek ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamy üçin goýlan ähli derwaýys meseleleri göz öňünde tutup, döredilmeli dolandyryş mehanizmini kämilleşdirmelidigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Ulag we logistika ulgamynyň innowasion ösüşini dolandyrmakda onuň aýratynlyklary, mümkinçilikleri möhüm bolup durýar. Bu ulgamy ösdürmekde dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bu ugra hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy we gyzyklanmagy zerurdyr.
Ulag ulgamlarynyň öňünde durýan maksatlara ýetmek üçin tehnologiki ösüşde öňegidişlik gazanmaly. Bu ýerde innowasiýa esasy orun eýeleýär. Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda sanly ulgam öňdebaryjy orny eýeleýär. Geljekde bütindünýä sanly ykdysadyýetiň gurşawyna sazlaşykly goşulmaga ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek üçin häzirki wagtda sanlylaşdyrmak hadysalaryny halkara we sebit derejelerinde bir umumy kadalara getirmeklik möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň düzümini emele getirýän möhüm tehnologiýa binýady kemala getirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda durnukly ösüşi we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, eksportuň kuwwatlylygyny artdyrmaklyga, eksport edilýän önümleriň görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze innowasion ulag tehnologiýalaryň esasynda logistika amallary kämilleşdirmeklige uly üns berilýär. Bu ugurda ägirt uly mümkinçilikler bar. Bu mümkinçilikleri doly ulanmak bilen öz milli harytlarymyzy dünýä ýüzüne ýaýratmaga, hilini ýokarlandyrmaga, internet-söwda hyzmatlaryny amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar. Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň diňe bir deňiz-derýa ulaglary ulgamynda däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň awtomobil ulaglary ulgamynyň üsti bilen hem dürli görnüşli ýükleri daşamakda uly işleri amala aşyrýar. Döwletimiziň üstaşyr gatnawlar logistikasynda mümkinçilikleriniň gerimi işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) halkara demir ýol ulag geçelgelerini, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar.
Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meseleler, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.
Maýsa ATAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.