Sport — sagdynlygyň gözbaşy
08-04-23
Her ýylyň aprel aýynda Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini giñden ýaýbañlandyrmak indi asylly däp hökmünde yzygiderli dowam etdirilýär. "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda hem ýakymly ýaz paslynyñ bu ajaýyp aýynda sport, bedenterbiýe çäreleriniñ köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy buýsanç bilen bellärliklidir. Çünki bilim ojaklarynda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga ýaşlarymyz hem işjeňlik we uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.
Biziň halkymyzda sagdynlyga, arassa ahlaklylyga, berk bedenli we kämil ruhlulyga uly ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzyñ sagdyn durmuş we röwşen geljek hakyndaky ýörelgeleri berk bedenli nesilleriñ kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçilýär. Dünýä ýüzünde adamzadyň saglygyna bagyşlanyp geçirilýän bu baýram saglygyň ynsan üçin nähili möhümdigini açyp görkezýär.
Berkarar türkmen jemgyýetinde ösüp barýan ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrundaky aladalar milli sport syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklary guralýar, sport çärelerine giň gerim berilýär. Oňa bagtyýar talyp ýaşlar bilen bir hatarda ähli halypa mugallymlar hem işjeň gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport klublary hereket edýär we onuň wezipesi ýaşlaryň saglygyny berkitmek üçin şertleri döretmekden, sporta bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr. Talyplaryň sport kluby sagdyn, beden taýdan güýçli, ruhy taýdan baý ýaş nesliň bilim almagyny ösdürmek, bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaklyga niýetlenendir. Talyp sport toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça birnäçe gurnaklar hereket edýär. Talyp ýaşlar sapakdan boş wagtlary gurnaklaryň işine diýseň höwesli we işjeň gatnaşýarlar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.
Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen ýaşlary halkara ýaryşlarynda, dünýä çempionatlarynda baýrakly orunlary eýeläp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýarlar. Türkmenistan döwletimizi sportuň, saglygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary mydama rowaçlyklara beslensin!
Mekan JUMAKULYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika inistitutynyň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.