At — myrat
27-04-24
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bedew bady bilen barha öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Häzirki günlerde türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna giň gerimde taýýarlyk görýär. Bu baýramçylygyň döwlet derejesinde bellenilmegi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine goýulýan sarpadan nyşandyr.
Eýýäm birnäçe günlerden bäri bu baýramçylyk mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurt möçberinde dowam edip gelýär. Şeýle hem bagtyýarlyk döwründe uly ösüşleri başdan geçirýän ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen milli Liderimiz tarapyndan bedew atlaryň gözellik bäsleşigi yglan edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ganatly ahalteke atlarymyz bilen bütin dünýäniň atşynaslaryna, bedew atyň muşdaklaryna tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bedew ata yhlas edip, onuň mertebesini arşa göteren, şanyna dessanlar düzüp, ony altyn-kümüş bilen bezäp bilen halk diňe türkmendir. Bedew at ýaly ynsanyň ruhuna şeýle çuň aralaşyp bilen janly-jandar ýok. Üstüne münen adamyň erkine görä hereket etmek bedewiň möhüm häsiýetidir. At ýoly, daş-töweregi oňat saýgarýar. At adam bilen bir hatarda, sport ýaryşlaryna, olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda atçylyk pudagy we atçylyk sporty uly ösüşlere hem özgerişlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine eziz Diýarymyzyň ähli künjünde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap atçylyk toplumlary, aýlawlary şaýatlyk edýär. Munuň özi tohum atlaryň baş sanyny yzygiderli köpeltmäge we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bilen giňden meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” we “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp eserleri türkmen halkyna bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Ahalteke bedewleri baradaky giň maglumatlar toplumyny özünde jemleýän bu ajaýyp eserler atşynaslar, bedew söýüjiler, seýisler we giň okyjylar köpçüligi üçin tükeniksiz hazynadyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni türkmen halkyna peşgeş berip, bolelin durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Mümkinçilikden peýdalanyp, külli türkmen halkymyzy, türkmen halkynyň Milli Liderini we hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy gutly-mübärek bolsun, diýip tüýs ýürekden gutlasymyz gelýär!
Arslan BERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastlar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.