Tebigy goraghanalar – milli buýsanjymyz

15-09-24

Türkmenistanyň goraghanalary ýurdumyzyň milli buýsanjydyr, olarda ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň esasy genefondy jemlenendir. Olar haýwanat, ösümlik dünýäsini goramak, dikeltmek, şeýle hem öz öňünde goýulan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin amaly maslahatlary işläp taýýarlamak maksady bilen ylmy-barlag we synag işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararynyň esasynda guralýar.

Bathyz döwlet goraghanasy Türkmenistanyň Günortasynda Eýran we Owganystan bilen araçägiň golaýynda, Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Bu ülkäniň gözel we gazaply tebigatynyň we Merkezi Aziýanyň çäginde diňe şu ýerde saklanyp galan bary-ýogy 150 sany gulan-onagranyň ýeke-täk populýasiýasynyň bolmagy, hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý we dürli görnüşlerini saklamak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri kabul etmeklik tutanýerligi talap edipdi.

Professor Rozanow gulanlary goramak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan, Bathyzyň bütin tebigy toplumy hakynda goraghana döretmek barada maglumat taýýarlaýar we Türkmenistanyň hökümetine gowşurýar. 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Bathyz döwlet goraghanasy döredilýär.

Bathyz goraghanasynda başga-da seýrek, gymmatly haýwanlar we ösümlikler goralyp saklanýar, olaryň köpüsi başga hiç ýerde duş gelmeýär. Ýewroaziýanyň hiç ýerinde Bathyz goraghanasynda goralyp saklanýanlara meňzeş tebigy toplumlaryň ýoklugy sebäpli, ol 2000-nji ýylyň başynda doly esasda dünýäniň has möhüm goraghanalarynyň hataryna girizildi we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni hem tebigy mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlendi.

Goraghana 87680 gektar meýdany eýeläýär. Şonuň ýaly-da onuň garamagynda üç sany zakaznik bar: Çemenebit, Pulhatyn we Gyzyljar. Goraghanada, ýer üstüniň pisse tokaýlygy, çöllük sähra, akymsyz çöketlikler diýilýän, şertli atlar dakylan dürli keşpleriň üç görnüşini tapawutlandyrýarlar.

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň esasy genefondy gorap saklamak ugrunda mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gunça ÖMÜRSÖÝÜNOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.