DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ
25-09-23
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygyna bolan buýsanç duýgulary ýurdumyzyň her bir raýatyny agzybirlikde ýaşamaga, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, mukaddes Watanymyzyň geljegi üçin halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen köpugurly ägirt uly özgertmeler Garaşsyzlyga aýratyn öwüşgin berýär. Geçirilýän giň möçberli özgertmeler arkaly gazanylan we gazanylýan ajaýyp üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak wezipelerini özünde jemleýär. Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ösüşiň esasy ýörelgesi bolmagynda galýar.
Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, halkymyzyň tebigy baýlyklaryny daşky bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalaryň hem-de şähergurluşyk we Oba milli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň obalarynyňdyr şäherleriniň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy-bularyň hemmesiniň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem onuň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli aladalarynyň, döwleti ösdürmekdäki alyp barýan pähim-parasatly hem-de oýlanyşykly adyl syýasatynyň durýandygy buýsandyryjy hakykatdyr.
Şanly toýa barýan halkymyz häzir Garaşsyzlyk ruhy bilen ýaşaýar we bu şöhratly baýramy ýokary derejede bellemäge, gadymy Oguz han atamyzdan, Görogly begden gelýän däbe eýerip, uludan toý tutmaga taýýarlyk görýär.
Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, birek-biregi goldamak hemişe ýeňşe, gülläp ösüşlere alyp barýar. Garaşsyz Watanymyz daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen häzirki zamanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky öz täsirli we abraýly ornuny barha pugtalanýar. Ählumumy ykrar edilen halkara hukugyň we özara hormat goýmagyň kadalaryna ygrarly bolmak bilen döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esaslarynda sebit we dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny günsaýyn giňeldýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäniň halkara gatnaşyklar ulgamynda özüniň anyk ýörelgelerine we aýdyň maksatlaryna esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýetdäki daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar.
Beýik işlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz dünýä ýüzünde sagdynlygyň hem sportuň, ruhubelentligiň hem döredijiligiň abadan mekany hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwlet derejesinde amala aşyrylýan işleriň netijesinde, sport ulgamy tutuş dünýäde uly üstünliklere eýe bolýar, döwletimiziň halkara sport äleminde abraýy barha artýar. Mukaddes Garaşsyzlyk — halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlan döwletliligini, baky bagtyýarlygyny berkarar etdi, erkana gurmaga, döretmäge aýdyň ýollar açdy. Her gysym topragy merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjiligine, gahrymançylygyna, paýhas-parasadyna ýugrulan ata Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli ýerde egsilmez joşgun, beýik işleriň rowaçlygy, raýatlarymyzyň bagtyýarlygy höküm sürýär. Döwlet Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.
Türkmenistanlylaryň häzirki wagtda ýeten belent derejeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde, asudalykda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy bilen gyzgyn gutlaýaryn. Bizi baky bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt we bütindünýä ähmiýetli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Çaryguly HOJAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Inžener ulgamlary we torlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.