ARKADAG ŞÄHERI - “AKYLLY” ŞÄHER KONSEPSIÝASYNYŇ MILLI NUSGASY

27-02-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri diýlip atlandyrylan täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän beýik işler, ýetilýän belent üstünlikler halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ýurt bähbitli işlere, ýurdumyzyň mundan buýana hem ösüşlerine uly ähmiýet berýär. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen kemala gelen döwrebap şäher binagärligiň beýik nusgasydyr. Arkadag şäherinde döwrebap şertleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini görmek bolýar. Ajaýyp binalaryň milli binagärlige, döwrüň iň täze gazananlaryna esaslanyp gurulmagy aýratyn ünsüňi çekýär. Hususan-da, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ajaýyp binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýändigini aýdyň beýan edýär.

Täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, döwletimizde binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejele-re ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherleri, şäherçeleri gurmakda, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly ulgamy we tehnologiýalary ornaşdyrmakda giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap şäher döredildi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde emele gelen Arkadag şäheri häzirki döwrüň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ynamly ädimlerini aýdyň şöhlelendirýär.

Iň döwrebap şäher “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alýar. Bu, ilkinji nobatda, döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy taýdan aýratyn ähmiýete eýeligi bilen tapawutlanýar. Sanly ulgama oňat düşünýän ýaşlar ýurdumyzyň döwrebap ösüşlerine goşant goşýarlar, ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirip, bu ugurda öz başarnyklaryny görkezýärler. Ýokary hilli, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen, sanly ulgamlar we ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylyp bina edilýän Arkadag şäheri milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygynyň, depginli ösüşleriniň aýdyň beýanydyr. “Akylly” şäher taslamalary önümçilige hödürlemek we ornaşdyrmak “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” hem göz öňünde tutulýar. Bu taslamalar “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda, Arkadag şäherinde giňden alnyp barylýar. “Akylly” şäher konsepsiýasy - bu öňdebaryjy maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň peýdalanylmagy bilen şäheriň dolandyrylmagy, sanly ulgamlar arkaly jemgyýetçilik, durmuş hyzmatlarynyň üpjün edilmegi we sanly ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek bolup durýar.

Başgaça aýdanymyzda, maglumat telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň üsti bilen şäher infrastrukturasyny dolandyrmak üçin maglumat ulgamlarynyň toplumydyr. Munuň özi, sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna adamlaryň ýaşaýyş, durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu ýörelgeleri durmuşa geçirmek üçin şäherde ösen inženerçilik, ekologiýa taýdan arassa we sanly çözgütleri we gurallary ornaşdyrmak zerur şertleriň biridir. Arkadag şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokary halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sazlaşykly işlemegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Ata-babalarymyzyň bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleri bu günki günde döwrebap ösdürilýär, täze derejelere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, parasatly başlangyçlary bilen ýaş nesiller hem ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga mümkinçilik aldylar. Munuň özi ýaşlara uly ynam bildirilýändiginiň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň halkymyz we geljek nesillerimiz üçin amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Ýaş nesliň hem doly gatnaşmagynda “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda Arkadag şäherinde gurulýan binalar döwrebap derejä eýe bolmagy bilen tapawutlanýar. Beýik ynam bilen nurana geljege barýan ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen okaýarlar, öwrenýärler, döredijilik işinde öz zehinlerini, başarnyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Bazar HALMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy,
Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.