Türkmeniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy

21-02-24

Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» – diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly Magtymguly atamyzyň many-mazmuna baý, şahyrana edebi mirasy külli ynsanyýet üçin köňülleriň çyragy bolup, ýaşaýyş durmuş babatda adalatly ýol-ýörelge görkeziji, hakyky adam bolup ýaşamaklygy ündeýji ruhy hazynadyr. Bu babatda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem  özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» – diýip bellemek bilen, türkmen halkynyň we Gündogaryň beýik akyldaryna bolan çäksiz hormatyny çeper beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokary galdyrmak, ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek we dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda ýaş nesli terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.

Ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň paýhas ummanynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuş meseleleri, ahlak we terbiýeçilik babatdaky öwüt-ündewleri tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize çenli dilden düşmän gelýär.

Magtymguly Pyragy — özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir.

«Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma»

diýmek bilen, dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar. Umuman, şahyryň şygyrlarynda watançylyk, ahlaklylyk, ygrarlylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, söýgi, sabyrlylyk, zähmetsöýerlik, edeplilik we beýleki mowzuklar öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyñ nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ edebi döredijiligini ylmy taýdan çuññur öwrenmekde häzirki wagtda türkmen alymlary giñ gerimli işleri amala aşyrýarlar. Häzirki döwürde beýik akyldaryñ şygyrlary gazet-žurnallaryñ, teleradioýaýlymlaryñ üsti bilen giñ halk köpçüligine ýetirilýär. Magtymguly Pyragy özüniñ mizemez şygyrlary ene süýdi ýaly päk ynsanperwerlik, watansöýüjilik, edermenlik, gahrymanlyk ýaly duýgulary ynsan kalbynda oýaryp häzirki güne çenli halklaryñ arasynda öz gymmatyny yitirmän baky ýaşamagyny dowam edýär. Magtymguly Pyragy öz goşgularynda agzybirlik, halklar birleşdirmek, adamlaryñ arasynda dost-doganlygy berkitmek, adalatlylyk ugrunda göreş, söýgi, watana maşgala wepalylyk, birsözlülik, dünýäniñ gurluşyna akyl ýetirmek ýaly duýgulary özüniñ şygyrlarynyñ içinden eriş-argaç edip ussatlyk bilen geçirýär.

Beýik akyldarymyzyň: «Berkarar döwlet istärin» diýen göwün islegi bu günki gün wysalyna gowuşdy. Bize hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşret-hözirini görmek bagty miýesser etdi. Biz baky bagtyýarlygyň hem-de berkararlygyň gujagynda ýaşaýarys.Hut şu jähtden ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň birine öwrüldi. Munuň özi ýaşlaryň terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni gymmatlyklarymyzy ösdürmäge giň ýol açyp berdi. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda Magtymguly atamyzyň her bir sözi ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar.

Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.