ÝAŞ NESLIŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KITABY
17-01-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly üstünliklere beslenen ýyllaryndan biri bolan 2023-nji ýyl bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda, hakydamyzda we aňymyzda müdimilik orun alýar. Biz bu ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýaş nesliň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly göwün galkyndyryjy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk. Eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar ha-saplanýan ýaşlar üçin döwlet derejesinde edilýän aladalaryň ählisiniň giň gerime, uly ähmiýete eýedigini, uzak geljegi nazarlaýandygyny hem nygtamak gerek. Geçen ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat taýýarlady. Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de ýylyň jemlerine bagyşlanan “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitaby çapdan çykdy. Bu kitap ýylyň özboluşly jemlenmesine öwrülip, onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri giňişleýin beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, bagtyýar ýaşlar ýylynda hem zehinli ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabym çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu kitaby ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby baýramçylyk dabaralarynyň giň gerim alyp, şatlyk-şowhuna beslenýän günlerinde halkymyza toý sowgady boldy. Bu eser ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna we ähli ulgamlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanandyr. Geçen ýyl bolsa, hakykatdan-da, döwletimiz we halkymyz üçin üstünlikli, rysgal-bereketli ýyl boldy. Bu döwürde jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, hususan-da, syýasy, ykdysady, durmuş, sport, ylym-bilim, medeniýet we sungat hem-de beýleki ulgamlarda döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde uly ösüşler gazanyldy. Gazanylan ýokary netijelerde, eýelenen belent sepgitlerde işbaşarjaňlygy, ukyby, zehini bilen tapawutlanan Watanyň daýanjy bolan ýaşlar az däldir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna we dünýä jemgyýetçiligine sowgat eden “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär, geçen ýyldaky ýaşlaryň gazanan ýokary netijeleri açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly bu täze kitaby ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolar.
Geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi döwletli döwranymyzyň iň buýsançly wakasy hökmünde göwnümizi galkyndyrdy. Gurluşyk işlerinde ýaşlaryň teklipleriniň diňlenilmegi we olaryň ylmy taslama işleriniň bu “akylly” şäherde gurulýan binalarda ornaşdyrylmagy ýaşlaryň zehinine, güýjüne aýratyn bil baglanylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýylyň şygaryndan gözbaş alýan bu özgertmeleriň ählisi zähmeti baýdak edinýän ýaş nesli belent maksatlara ýetmäge, röwşen geljegi gurmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe uly öwrülişikleri başdan geçirýän beýik ykbally türkmen ýaşlary mundan beýläk-de mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmäge, bütin dünýädäki abraý-mertebesini belende galdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Ýeňişgeldi MOTTYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň Harby tehnikalar we awtotaýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, maýor.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.