BILIM ULGAMYNDA DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALAR GIŇDEN ORNAŞDYRYLÝAR
10-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirki zaman jemgyetiň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu bolsa döwletiň ähli çäklerinde, geljekde bolsa tutuş dünýä giňişliginde ylym-bilim boýunça bir bitewi maglumat gurşawyny emele getirmek wezipesini öňde goýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamy halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenýän, halkara dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda örän ýokary jogapkärçilige borçly edildi. Täzeçe pikirlenmäge, önümçiligi ygtybarly dolandyrmaga ukyply hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde hem ylym-bilim esasy orunda goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şolaryň hasabyna dünýä bazarlarynda islegi artýan harytlar öndürilýär. Mähriban Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bilen häsiýetlidir.
Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze düşünjeler we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar halkyň ähli eýýamlarda gazanan ruhy we medeni baýlyklaryny gymmatlyk ölçeglerde däl-de, mentalitet adalgasy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Halkyň mentalitetiniň ýokarydygy ylmyň çygrynda sowatlylygyny aňladýar. Adamzadyň bahasyz baýlygy ylymda jemlenendir.
Görşümiz ýaly, milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek işi birjik-de ünsden düşürilmeýär. Häzirki günde bilim ukgamynyň ähli basgançaklary ylmy esasly täze gurluşa geçirildi. Türkmenistanda mekdebe çenli bilim bermekden başlap bilim bermegiň ähli tapgyrlarynda maglumat tehnologiýalary çalt depginler bilen ornaşdyrylýar. Okatmak işini doly derejede awtomatlaşdyrmak we maglumatlaşdyrmak wezipesi döwletiň ileri tutýan möhüm wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Şunuň bilen baglanyşykly, täze gurulýan bilim desgalaryna bildirilýän talaplar ülňüler derejesinde berkidildi, şol talaplara laýyklykda bilim desgalary, kompýuterleri, interaktiw okuw enjamlaryny, global ulgamyň elýeterli bolmagyny goşmak bilen, ylmyň iň soňky gazanan derejesine laýyklykda enjamlaşdyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň gurluşyny we mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, mekdeplerde okatmagyň häzirkizaman innowasion usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak bolsa esasy wezipelere öwrüldi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň dowam edýändigine, bilim edaralarynyň maddy üpjünçiliginiň barha berkeýändigine aýdyň subutnamadyr.
Bu ösüşleriň, amala aşyrylýan beýik işleriň sakasynda duran, il-gününi bagtly, eşretli günlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris!
Altyn ORAZGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmancylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň okuw müdiri.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.