Nowruz baýramynyň döreýiş taryhynyň kökleri
10-03-25
Dünýä halklarynyň birnäçesinde dürli ynançlar we atlar bilen bellenilip geçilýän, dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramynyň gelip çykyşyna alymlaryň tassyklamalaryna görä, 5 müň ýyldan köpräk wagt geçipdir.
Nowruz baýramy barada dünýä halklarynda dürli-dürli pikirler öňe sürülýär. Käbir halklar ony Taňrynyň dünýäni ýaradan güni, käbirleri Nuh pygamberiň Ýere ilkinji aýak basan güni, käbirleri bolsa Adam atanyň ýaradylan güni hökmünde baýram etse, halklaryň käbirleri ony gije bilen gündiziň deňleşýän güni we baharyň buşlukçysy hökmünde belläp geçýär.
Pars dilinde “täze gün” diýen manyny berýän Nowruz dünýädäki türki halklarda “Nowruz”, “Nawryz”, “Ergenekon”, “Bozkurt”, “Çagan”, “Mart dokuzy”, “Milletiň uly güni”, “Ilkinji ýaz ýortusy”, “Engi güni”, “Köpli marta”, “Sultan Nowruz”, “Mart bozumu” ýaly atlar bilen ýatlanylýar. Nowruz baýramy gadymy hunlardan başlap, ýakutlar, uýgurlar, kazan türkleri, tunguzlar, nogaý türkleri, tatarlar, gyrgyzlar, gazaklar, özbekler, täjikler, azeriler, türkmenler, çuwaşlar, gagauzlar tarapyndan bellenip gelipdir.
Merkezi Aziýadan tä Balkan ýarymadasyna çenli uzalyp gidýän geografiki giňişlikde her ýyl bellenilýän Nowruz baýramy Azerbaýjanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda, Owganystanda we Täjigistanda Milli baýram hökmünde bellenilip geçilýär.
Türki halklaryň arasynda giňden ýaýran ynanja görä, Nowruz göktürkleriň Ergenekondan çykan we garaşsyzlyklaryny gazanan günleri hökmünde kabul edilipdir. Abulgazy Bahadyr hanyň “Şejerei türk” (“Türkleriň şejeresi”) atly eseriniň “Ergenekon” diýen bölüminde 400 ýyllap dört tarapy beýik daglar bilen gurşalan bir jülgede ýaşan türk taýpalarynyň, baharyň ilkinji günleri bu ýerden çykyp, ata-watanlaryna gaýdyp gelişleri, azatlygyny, erkinligini gazanyşlary barada gürrüň berilýär. Hut şonuň üçin 21-nji mart türki halklaryň köpüsinde azatlygyň, erkinligiň gazanylan güni hökmünde baýram edilip gelinýär.
Gadymy türkmenleriň ynançlaryna we dessurlaryna görä Nowruz gününde doglan çaga iň bagtly ynsanlaryň biri hasaplanyp, bu çaga oglan bolsa, Nowruzgeldi, Ýazgeldi, Ýazmyrat, Ýazly, Ýagmyr, gyz bolsa, Nowruzgül, Nowgül, Bahar, Bahargül, Ýazgül, Ýazjemal ýaly atlar dakylypdyr.Bu günde öükeleşen dawa-jenjel edenler ýaraşypdyrlar.
Hormatly Prezidentimiz Nowruz – Milli bahar baýramy barada şeýle diýýär: “Umumadamzat medeniýetiniň, aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren ata-babalarymyz Nowruza aýratyn ähmiýet beripdir. Türkmeniň çuň garaýyşlaryndan gözbaş alýan “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň - ýaz”, “Ýylyň gelşi Nowruzdan belli”, “Nowruz gelse buz durmaz” ýaly müň öwüşgünli jümleler ata-babalarymyzyň her günüň her paslyň özüne kybapdaş alamatlaryny kesgitleýändiklerini subut edýär”.
Omar Haýýam hem özüniň bu ajaýyp eserinde islendik mesele barada beýan edende getirýän tymsallaryny, hekaýatlaryny diňe bir halkyň döreden hekaýatlaryna salgylanyp getirmän, ol hekaýatlarda, kyssalarda türk (Oguzlaryň), araplaryň, parslaryň arasynda meşhur bolandygyny nygtaýar. ”Nowruznamanyň” bu nusgasy Gündogaryň meşhur hekimi we alym-şahyry Haýýam Nişaburiniň galamyndan dörän ajaýyp eser bolup,häzirki güne çenli ol eseriň ýazylan asyl nusgasy, pars dilinde birnäçe gezek kitap görnüşinde neşir edildi. Eýranly alymlar hem-de ylmy işler alyp barýanlar tarapyndan ol eser bilen bagly ylmy eserler döredildi.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan türkmen halkynyň her güni hemişe toý-baýramlara beslensin! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulşat BAÝRAMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.