Gök önümleriň saglyga peýdasy
25-11-25
Topragymyzda ösýän ösümlikleriň aglabasy dermanlyk häsiýetli bolup, dürli keselleri bejermekde we saglygy berkitmekde halk lukmançylygynda ir döwürlerden bäri ulanylýar. Şulary göz öňünde tutup, iýýän iýmitiňizi ter miweler we gök-bakja önümleri bilen baýlaşdyryň. Gök önümler saglyga kuwwat beriji witaminlere we minerallara baýdyr. Gök önümler saglygymyzyň däri-dermansyz dikelmegine ýardam berýär.
Kädini ýürek-damar, böwrek, bagyr kesellerinde, iýmit siňmesi kynlaşanda, gan basyşy ýokarlananda iýmek örän peýdalydyr. Mundan başga-da, onuň endamy sowadyjy suwlandyryjy, buşukdyryjy, içegäni ýumşadyjy, gyzgyny gaýtaryhy täsirleri bardyr. Ol et bilen iýlende çalt siňýär. Nohut, noýba bilen iýlende üsgülewikde haýry köp. Ini gyzdyrýanlar ony nar şerbedi, üzüm bilen iýmeli. Sowukganlylar bolsa, burç bilen kabul etmeli. Süýjibaşda, ýanykda, synlaryň biri sowuk alanda ony çigligine ýapmaly. Çigidiň düzüminde sink köp saklanýandygy sebäpli, ony bedendäki gurçuklaryň öňüni almakda ulanylýar.
Kelem – düzüminde kaliý duzunyň känligi zerarly bedendäki suwuklygy köp çykarýar, ýürek etiniň işini kadalaşdyrýar. Ter kelemiň suwy aşgazan, oniki barmak içegedäki ýarany bitirýär. Mundan başga-da ýag ýygnanmasynyň öňüni alýar, artykmaç agramy aýyrmaga ýardam edýär. Şerbetine saçyňy ýuwsaň, goňagy aýyrmaga haýry köp. Bokurdan agyranda suwuna agzyňy çaýkamaly, göreji ýitelýär. Suwuna ýumurtganyň sarysyny goşup, ýanyga çalsaň peýdasy gaty tiz ýetýär. Aşgazan-içege ýarada onuň suwuny 200 milligram nahardan öň, 1 aýlap 3 wagtyna içmeli. Böwrek, ýürek kesellerinde milligram suwuna 1 nahar çemçe bal goşup günde 2 gezek kabul etmeli.
Käşir – A witamine baý. Muny yzygiderli iýmek görejiňi gowuandyrýar. Ganazlykda, witamin ýetmezçiliginde giňden ulanylýar. Ösüp gelýan ýaş nesil, göwreliler iýse, bedeniň kadaly boý almagyna ýardam berýär.
Şugundyr – onuň düzüminde belok, şeker, ýag,magniý, kaliý, kalsiý, demir, askorbin turşusy saklanýar. Ol aşgazan we içege suwuklygynyň çykyşyny kadalaşdyrýar. Ony ýürek-damar sökelliklerinde, gan basyşy ýokarlananda, zenan maşgalanyň kesellerinde iýmek nepli. Onuň gyzyly howply çişde olaryň öýjükleriniň ösmeginiň öňüni alýar.
Mekgejöwen – düzüminde efir ýagy, witaminleriň B topary, K, E, C köp. Onuň gulpagy, dänesi gany duruzýar. Gaýnatmasy bagyr, öt kesellerinde, içgeçmede, böwrekde daş emele gelende peýdaly.
Halyk MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň assistenti.
ÇAÝYŇ PEÝDASY
Çaý — dünýäde iň halanyp içilýän içgileriň arasynda çaý, megerem iň söýüp içilýän içgidir. Çaýyň rahatlandyryjy we bedeniňi gurplandyryjy täsiri bar. Onuň adam bedeni üçin berýän peýdasy barada–da köp zatlar anyklanyldy. Meselem,ýapon lukmanlary günde 9-10 çemesi käse çaý içmelidigini aýdýarlar. Olaryň geçiren barlaglaryna, günde 10 käse çaý içýän adamlar 3 käse çaý içýänlerden 5-7 ýyl uzak ýaşaýar.
Beloklaryň adam bedenine peýdasy
Beloklaryň ýaşaýşyň özenini düzýän gurujy serişde bolup durýar. Beloklar beden öýjüklerini, dokumalary, beden agzalary gurmaga we alyş-çalyş ýagdaýlary amala aşyrýan fermentleriň, köp gormonlaryň işläp çykmagyna, gemoglobiniň emele gelmegine gatnaşýan wajyp biologiki serişdelerdir.
Gök önümleriň saglyga peýdasy
Topragymyzda ösýän ösümlikleriň aglabasy dermanlyk häsiýetli bolup, dürli keselleri bejermekde we saglygy berkitmekde halk lukmançylygynda ir döwürlerden bäri ulanylýar. Şulary göz öňünde tutup, iýýän iýmitiňizi ter miweler we gök-bakja önümleri bilen baýlaşdyryň. Gök önümler saglyga kuwwat beriji witaminlere we minerallara baýdyr. Gök önümler saglygymyzyň däri-dermansyz dikelmegine ýardam berýär.
Çagany nädip we näme bilen iýmitlendirmeli?
Çagalykdan dogry iýmitlenmäge we ýaşaýyş durmuşyna sagdyn garaýyş möhümdir. Emma ýaş çagalary iýmitlendirende köplenç ýalňyşýarlar. Olaryň birnäçesini neşir etmegi makul bildik.
Peýdaly Maslahatlar
Tehnologiýalaryň ösmegi ynsan durmuşynyň has-da ýeňilleşmegine getirendigi hakykatdyr. Şahsy kompýuterler adamzadyň iň gowy peýdaly açyşlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, bu enjamlaryň peýdaly işlerde ulanylmagynyň ähmiýeti örän uludyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.