BILIM ULGAMYNDAKY ÖZGERTMELER

13-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öň­debaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasat hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň ýokary netijesini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar gi­ňeldilýär. Ýurdumyz ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki wagtda ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täzeçe bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy döwletleriň hataryna çykarmaga şert döredýär. 

Türkmenistan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy-barlag işlerini, ylmy-tehnologik gözlegleri işjeňleşdirmäge giň ýol açylýar. Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Häzirki sanly bilimiň kämilleşýän döwründe talyplary bu ugra has işjeň çekmek maksady bilen, dürli ugurlar boýunça maglumatlary toplamak, bellibir ugry çuňlaşdyryp öwretmek üçin olaryň degişli çykyşlary taýýarlamaklaryny gurnamak, sowal-jogap alyşmak, bäsleşikleri yglan etmek ýaly çäreleri geçirmek, sanly aragatnaşyk arkaly beýleki mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda dürli bäsleşikleri guramak, sanly aragatnaşykda duşuşyklary geçirmek, ussat mugallymlaryň okuw sagatlaryny gurnamak ýaly çäreler netijeli häsiýete eýedir. Sanly aragatnaşygyň üsti bilen, bu hyzmatdaşlygy has ýygy-ýygydan we maksatlaýyn ugurlar boýunça geçirmek maksada laýykdyr.

Döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda baý tejribe toplandy. Türkmenistanda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribe bilen bir hatarda milli ýörelgeler esasynda bilim işi kämilleşdirilýär. Şäherdir obalarda täze bilim edaralary gurlup tabşyrylýar. Okatmagyň usullary ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaý nazaryndan kämilleşdirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň garamagynda döwrebap ylmy-barlag institutlar we merkezler hereket edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň ugurlary boýunça işler alnyp barylýar. 

Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Toýmyrat HOJAGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.