Ýaşlar— berkarar Watanymyzyň buýsanjy we geljegi
09-10-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlaryny şeýle atlandyrsak, hakykata has golaý bolar. Çünki bu günki ýaşlara geljekde beýik işler garaşýar. Halkyň, döwletiň guwanjy hem buýsanjy bolan ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Ýaşlar hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Türkmen ýaşlary eziz Diýarymyzyň syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynyň bedew bady bilen ösmegine uly goşant goşýarlar, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýokary işjeňlik görkezýärler. «Ýaşlar — biziň geljegimiz» diýýän Arkadagly Serdarymyz Garaşsyz Watanymyzyň geljegini şu günki ýaşlarda görýär. Olaryň güýjüne, gaýratyna, ylym-bilimine, zehin-başarnygyna bil baglaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleriň ýolundan ynamly öňe barýan ýurdumyz rowaçlyklara beslenýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen giň göwrümli, netijeli işler halkymyzy has-da buýsandyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde dürli ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilimde hem uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ylym-bilimiň ösdürilmegi, ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy ýaşlar syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.
Bu gün ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda türkmen ýaşlary barada edilýän bimöçber aladalardan nyşan. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ýakyn ýyllar üçin niýetlenen Strategiýasy ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini, olaryň hukuk esaslarynyň berkidilýändigini aýdyň görkezýär. Strategiýanyň maksady türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekden, ösdürmekden, daşary döwletlerde geçirilýän halkara forumlara, ylmy bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, pikir we tejribe alyşmaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy, bu ýylda açylan sebitde deňsiz-taýsyz Arkadag şäherine «Ýaşlaryň şäheri» diýlip ýüzlenilmegi döwrebap ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, gujur-gaýratly, ukyp-başarnykly türkmen ýaşlaryna bildirilýän uly ynamdyr.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär. ÝUNESKO-nyň ýaşlar başlangyçlaryny we olaryň arasyndaky özara gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu jemgyýeti ýaşlar dolandyrýarlar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlary öz guramalarynyň işine giňden çekmek bilen, olary işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär, şeýle-de ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar we ýaşlar guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly wakalarynyň biri bolup, täze türkmen taryhynyň sahypasyny bezedi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasy hökmünde diňe ýaşlarda däl, tutuş halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara uly ynam bildirilip, olara ähli ugurlarda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaşlara bilim öwretmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijeleri berýär. Bilim ulgamynda eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň ösüşli hem röwşen boljakdygyny aýdyň beýan edýär.
Ýurdumyzyň beýik geljegini gurýan türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, döwrebap ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, täze tehnologiýalarda işlemegi, gurmagy, döretmegi, dünýä ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Şalar ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.