«Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!»
09-10-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaş nesliň kalbynda egsilmez joşguny döretdi. Il arzuwyny hasyl eden bu çözgüt Arkadagly Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleriniň özboluşly dabaralanmasy boldy. Ýurdumyzyň ýaş nesil baradaky döwlet syýasaty özüniň çuňňur mazmuny, belent maksatlary bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary arkaly üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini, jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlaryň tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, goldamak, olaryň ylymly-bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bagtyýar ýaşlaryň buýsanjyny artdyrýan şeýle döwletli tutumlaryň degişli kanunlara, maksatnamalardyr konsepsiýalara daýanmagy alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Bagtyýarlyk ýaňlary dünýä dolan mähriban Watanymyzda ýaşlaryň göreldesi bolan Milli Liderimiziň:
- Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!
Keremlidir ene toprak, keramatdyr mawy asman,
Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!
- ýaly jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan köňül senalarynda ýaş nesillere bildirýän ynamy ýaşlaryň ylym-bilimli, beýik şahsyýetler bolup, kämillikde özlerini ykrar etdirmeklerine aýratyn uly ruhy güýç berýär.
Eziz Diýarymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de beýleki milli maksatnamalarda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen baglanyşykly bolan ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan maksatlara laýyklykda, dünýä ähmiýetli işler alnyp barylýar. Milli bilim ulgamynyň ösüşini çaltlandyrmagyň çäklerinde, ýaş nesilleri ylym-bilime höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine eýerýän kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda ummasyz tagallalar edilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda inžener-tehniki dersler boýunça ýaşlara bilim berýän Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem bilim ulgamynyň ösüşlerine gönükdirilen anyk maksatlaryň durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys.
Şeýle-de institutymyzyň talyplary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän okuw sagatlaryna, halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklara, okuw maslahatlaryna we dünýä tejribesini ulanmagyň hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan aň-bilim çärelerine işjeň gatnaşýarys. Bu bolsa ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge, gözýetimizi giňeltmäge, iň esasysy bolsa, bilim çygrynyň giňişliklerine aralaşyp, tejribämizi baýlaşdyrmaga ruhlandyrýar. Nesip bolsa, göwün söýen hünärimizden ýokary bilim alyp, halal zähmetimiz bilen, Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşleriniň badyna bat goşmagy maksat edýäris.
Berkarar Watanymyzy rowaçlyklaryň ak ýolundan uly ynam, synmaz ruhubelentlik bilen nurana geljege alyp gitjek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly perzentlik borjumyzy hem goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň dana pähim-paýhasyndan, syýasy tejribesinden hem-de atalyk göreldesinden, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilige, kämillige gol beren syýasy işjeňliginden, ýüregi gurmak, döretmek, özgertmek hyjuwyndan möwç urýan ýaş nesliň egsilmez joşgunyndan gözbaş alýan şu ýylymyz täzeden-täze başlangyçlaryň binýady bolar. Döwletimiziň ýaş nesillerine ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!n!
Şalar ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.