Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!

09-10-23

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň has-da kämil şahsyýetler, Watany gülledip ösdürýän nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Munuň aýdyň mysalynda ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikler, gurnaklar biziň bagtyýar zamanamyzda bagtly ýaşlaryň dünýägaraýşyny artdyrmagyň, olaryň aýdyň geljeginiň güwäsidir. Ylym-bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek bolsa elbetde, her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Şeýle ösen tehnologiýalardan baş çykaryp, dürli hünärleri ele almakda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, hünäre ugrukdyrmak ýurduň ösüşine oňyn täsir edýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz biziň geljegimize — ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenip, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar baradaky syýasatyndan we döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, häzirki zaman ösen maglumatlar jemgyýetimizde ýaşlary milli äheňde, dünýä tejribesine daýanmak esasynda olarda bar bolan zehini ýüze çykarmak we endik başarnyklaryny kämilleşdirmek her bir bilim işgäriniň esasy borjudyr.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ýokary bilimli ulag ulgamyndaky hünärmenlerini taýýarlamaklygy alyp barýar. Hünärleriň ählisi häzirki zamanyň ösen tehnologik prosesi bilen aýrylmaz derejede göz öňünde tutulyp, ýaş hünärmenlere ýetirilýär. Institutyň agzybir mugallymlary hem öz gezeginde bu ulgamda zähmet çekjek hünärmenleriň döwrebap ýokary bilimli bolmaklary üçin birnäçe işleri alyp barýarlar.Okamak, öwrenmek, döretmek üçin bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň başda durmagynda birnäçe uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Serdarymyz ýaş neslimiziň bilimden ýüküniň ýetik, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berip, bu ugurdaky işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. Ine, şeýle bagtyýar zamanada, bilim pudagynyň gülläp ösýän döwründe bilimli, başarnykly ýaş neslimiz kemala gelýär. Döwletimiz bilim ulgamyna uly möçberde maýa serişdelerini gönükdirýär, munuň özi yzygiderli kämilleşýän okuw maksatnamalary bolan döwrebap okuw mekdeplerini döretmäge mümkinçilik berdi. Bularyň hemmesi ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn nygtamaly zatlaryň biri bilim edaralarynyň ähli görnüşlerinde we derejelerinde, degişli pudak ulgamlarynda hünärli bilimiň berilmegi, hünärmenleriň taýýarlanmagy, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy häzirki döwürde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ylym we bilim ulgamyny ýurdumyzyň ösüşinde jemgyýetimiziň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegi nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamlarda hünärmenleriň kuwwatyny kemala getirmäge toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny, degişli düzümleri hem-de maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmagyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň möhümdigini belleýär. Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Süleyman DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.