Inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti

09-10-23

Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri döwletimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki ajaýyp döwrümizde talyp ýaşlaryň gözýetimini giňeltmekde, bilimlerini çuňlaşdyrmakda, bilim başarnyklaryny kemala getirmekde, hünärmenleri taýýarlamakda ylym-bilim ulgamyna döwrebap usullar ornaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň senagat ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilendigi olaryň esasy aýratynlygy bolup durýar. Giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň toplumynyň strategiki pudaklarynyň kuwwatynyň artdyrylmagy we bu ugurda gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň mysalydyr. .

Häzirki döwür tehnologiýalaryň, sanly mümkinçilikleriň giňden durmuşa geçirilýän döwrüdir. Şonuň üçin hem sanly ulag ulgamyň giň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär, alymlar tarapyndan ylmy garaýyşlar beýan edilýär. Şeýle hem sanly ykdysadyýet hakyndaky ylmy garaýyşlar ýaşlara düşündirilýär, olara bilim öwredilende bu barada giňişleýin düşünje berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşup biljek kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda hem netijeli işler ýola goýulýar, ýaşlaryň bilim derejeleri ösdürilýär.

Ýokary okuw mekdebimizde kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin döwrebap bilim öwredilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Talyplaryň geljekki hünär işi üçin umumy bilim başarnyklaryny ösdürmek, tejribe geçirmek ýaly ugurlaryň möhüm ähmiýeti bardyr. Talyplaryň ylmy-barlag işlerini geçirmegi, özleriniň geçiren barlaglarynyň netijelerini seljermek, çözgüdiň rejeli we netijeli usullaryny saýlap almak olaryň başarnyklaryny ösdürmeklerine ýardam edýär.

Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar her günde däl, her sagatda kämilleşip durýar. Pudaklaryň ählisinde diýen ýaly ozal ýüze çykmadyk, ösüşe zerur bolan täze giňişlikler peýda bolýar. Şol giňişliklerde akylly-başly hereket etmek üçin bolsa adamzadyň ylmy düşünjesini ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Munuň özi ylmyň ýokary derejeli ösýändigini görkezýär. Şonuň netijesinde hem ýokary düşünjeli, döredijilik ukyply, täze tehnologiýalardan akylly-başly baş çykarýan hünärmenler zerur bolup durýar. Sanly tehnologiýalar yzygiderli peýdalanylyp, täze usullara, ýagny sanly ykdysadyýete uly üns berilýär.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy önümçiligiň guralyşyny ýeňilleşdirýär. Şunda önümçiligiň zerurlyklary we düýpli işleri el güýji bilen däl-de, elektron tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýar. Hünärmen elektron enjamlaryň kömegi bilen önümçiligi dolandyrýar. Jemläp aýdanymyzda, önümçiligiň şeýle tertipde guralmagy adamyň bähbidine, onuň islegine laýyk gelýär. Şonuň üçin hem kämil hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap bilimlerden peýdalanylýar we sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňişleýin düşündirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda iň täze tehnologiýalary öwretmekde, sanly ykdysadyýeti düşündirmekde okatmagyň döwrebap usullary peýdalanylýar. Okatmak işinde multimedia taslamasynyň ulanylmagy talyplaryň öwrenmek babatynda özbaşdaklygyny ösdürmekde düýpli orun eýeleýär. Multimedia taslamasynyň üstünde alnyp barylýan iş sapaklar, fakultatiw, gurnaklar we beýleki auditoriýadan daşarky işlerde amala aşyrylyp bilner. Döredijilikli multimedia taslamasynyň temasy okuw meýilnamasynyň bir ýa-da birnäçe sapaklary, şeýle hem daşky gurşawdaky hakyky wakalar we meseleler bilen bagly bolup biler. Multimediany peýdalanmak bilen döredijilik taslamalaryny düzmek tejribesi talyplara peýdalanyjylaryň interfeýsini işläp taýýarlamaga, ses goşmaga we jemlemäge, şekili skanirlemäge, wideo, grafikalary, animasiýany, giperteksti goşmaga mümkinçilik berýär. Diplom taslama ýerine ýetirilýän mahalynda talyplar özbaşdak döredijiligiň iň ýokary derejesini görkezýärler. Bu bolsa usullaryň we akyl ýetiriş tärleriniň zerur bolan ylmy-barlag häsiýetli tabşyryklary ýerine ýetirmegiň barşynda ýüze çykýar.

Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösmeginiň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň esasy hem-de möhüm şertidir. Milletimiziň intellektual kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ylym we bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksadydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha kämilleşdirilýär, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Zylyha SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

 Halypa mugallymy Mähri AKGAÝEWA.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.