Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen
04-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz günsaýyn ösýär hem özgerýär, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy gün-günden belende göterilýär. Döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir tutumly işi halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişip, dünýä giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýan Watanymyz dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýedir. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, dürli görnüşli möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna mynasyp ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyz halkara başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edip, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirdi. Şu jähetden, Türkmenistan bu gün Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitinde halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi ugrunda netijeli gatnaşyklary ösdürýän we energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýan döwlet hökmünde ykrar edilendir.
Öz saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dabaralandyrýan döwletimiz dünýäniň iň uly abraýly guramasy bolan BMG-niň uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirip, öňde goýlan durnukly ösüşiň maksatlarynyň dünýäde amala aşyrylmagyna oňaýly goşant goşjakdygyny görkezýär. Uzak geljegi nazarlap, hemişelik Bitaraplyga esaslanýan, daşary syýasatymyzyň özeni bolup durýan hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleriň halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidigi buýsandyryjydyr.
Belli bolşy ýaly, oňyn dünýägaraýyş, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara-hukuk kadalaryna yzygiderli ygrarlylygymyz Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady diňe bir täjirçilik we ykdysady bähbit bilen däl-de, eýsem, döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek islegi bilen şertlendirilendir. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, halkara ykdysady hyzmatdaşlykda açyklyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder.
Türkmen Bitaraplygy özüniň gelip çykyşy, many-mazmuny boýunça özboluşly bolup, goňşy döwletler bilen ysnyşykly we parahatçylykly ýaşamak türkmen halkymyza ata-babalarymyzdan miras galan oňyn häsiýetlerdir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ilki bilen, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirmegini, ähli döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýaly ýörelgelerden ugur alýandygy, harby bileleşiklere gatnaşmaýandygyny, daşary syýasat işinde beýleki döwletleriň bähbitlerini çäklendirmeýändigini aňladýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmekde örän wajyp işleri amala aşyrýar. Türkmenistan birnäçe halkara guramanyň agzasy bolup, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Häzirki wagtda bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuny ýokary derejede bellemäge uludan taýýarlyk görýär. Halkymyzy parahatçylygyň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň dünýäde dost-doganlygy we hoşniýetli gatnaşyklary berkarar edýän ynsanperwerlik syýasaty dowamat dowam bolsun!
Eziz ANNAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologiki anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.