Ýaşlar sanly bilimiň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýarlar
04-10-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiren umumy sapagy ýaş nesillerimiziň durmuşynda ýatdan çykmajak şanly seneleriň biri boldy. Bu taryhy ähmiýetli sapak ýaşlarda ruhy galkynyşy döretdi.
Eziz Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, öz saýlan ugurlary boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gurlup, ulanylmaga berilýän orta we ýokary okuw mekdepleri ýaş nesilleriň kämil bilimli bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimiň we okatmagyň ýokary ösüş derejesi, ylmy-tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy bilen şertlenen ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen okgunly öňe barýan zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimedia ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi. Sanly bilimiň ösdürilmegi netijesinde, okuw maksatly dürli maglumat çeşmeleri, uly maglumat gorlary, bilim portallary, internet sahypalary döredildi. Gündelik okuwlarda ulanylýan sanly serişdeler adaty okuwyň päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge, bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň depginini, okatmagyň görnüşlerini we usullaryny saýlamaga ýardam berýär.
Ýaşlar üçin ýokary okuw mekdepleriniň internet sahypalarynyň ähmiýeti has-da uludyr. Olar şol sahypalaryň üsti bilen ýokary okuw mekdebini, taýýarlygyň ugurlaryny, hünärleri saýlamaga mümkinçilik alýarlar. Ýokary okuw mekdepleriniň internet bilim portallarynda ýokary okuw mekdebiniň elektron okuw toplumlary, okuw sapaklarynyň tertibi, olimpiadalar, elektron kitaphana we beýleki maglumatlar ýerleşdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän möhüm işler sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna raýatlara hödürlenilýän elektron bilim hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatynda çäksiz mümkinçilikleri döredýär. Bu zatlar biz — bagtyýar talyp ýaşlary diýseň begendirýär we Watanymyza mynasyp döwrebap hünärmenler bolmaga höwesimizi goşalandyrýar.
Orazjan ORAZJANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.