TUTUMLARY ULY, ÝOLLARY AMAN, DÜNÝÄ NURUNY SAÇÝAR BAGTYÝAR ZAMAN
03-10-23
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem rowaçlyklara beslenýär. Her bir işde halkyň bähbidini ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň öňden görüjiligi bilen ýurduň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygyndan rowaç alyp, bedew bady bilen şöhratly geljege tarap öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bu gün ata-baba arzuw-yhlaslary siňen garaşsyz döwletde asuda asmanyň astynda, parahat durmuşda ýaşaýar. Bu gün halkymyzyň erkanalyk, garaşsyzlyk duýgulary Watan ykbaly bilen sazlaşyp, bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyz Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda görlüp eşidilmedik üstünlikleri gazanyp, halkara jemgyýetçiliginiň deň hukukly agzasyna öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan bu gün halkara bähbitli başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeler durmuşa geçirildi. Syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde mähriban halkymyz öz bellän maksatlaryny ynamly amala aşyryp, durnukly syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşi gazanýar. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler halkymyzy ýagty geljegine tarap ynamly öňe alyp barýar.
Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, döwletiň öz ösüş ýolunda oňyn netijeleri gazanmagy üçin örän oýlanyşykly we dogry ýoly seçipalmagy wajypdyr. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy indi birnäçe ýylyň dowamynda seçilip alnan ýoluň üstünlige eýe bolýandygyny hem-de kabul edilýän ykdysady çözgütleriň dogrudygyny aýdyň tassyklaýar.Amala aşyrylýan bu işler giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän özgertmeleri we dünýäniň ösen döwletlerinde toplanan syýasy, ykdysady tejribeleriň milli tejribämiz we milli bähbitlerimiz bilen utgaşdyrylyp kabul ediljek bu maksatnama asylly maksatlara gönükdirilendir.
Has takygy, hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifkasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä derejelerine ýetirýän bazar ykdysadyýeti özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek bu maksatnamanyň esasy maksadydyr.
Ýüregi ata Watanymyza söýgüden, ene topragymyza mähirden, halal hem-de joşgunly zähmet çekmäge hyjuwdan doly halkymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna hasda jebisleş dirýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösen döwletleriň hataryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasaty netijesinde ata Watanymyz durnukly ösýär, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýar, halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Ýörän ýoly biziň üçin ýörelge, beýik, nusgalyk işleri görelde, parasatly sözleri şygar bolan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Döwlet IMAMKULOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.