SANLY BILIM ÖZGERTMELERI – DÖWRÜŇ BEÝIK ÖSÜŞLERI

03-10-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim jemgyýetiň berk binýady, ösüşleriň esasy ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamy hem ösüşleriň täze sepgitlerine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşup, şu babatda möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine täze badalga berdi. Gahryman Arkadagymyz: “Bilim bermegiň ýokary standartlaryny ornaşdyrmak, düýpli we amaly ylmy barlaglary goldamak we höweslendirmek, ähli bilim we ylym edaralaryny kompýuterleşdirmek, Interneti ösdürmek, ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasydyr” diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde institutymyzda bilim bermegiň iň täze usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Bilim edaralary ösen kompýuterler, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Innowasion tehnologiýalar arkaly bilim bermegiň ugurlary işlenip, häzirki wagtda institutymyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Bu babatda lingafon otaglarda dil öwretmek ýada prezentasiýalar arkaly sapaklary guramak ýaly işleri görkezmek bolar. Munuň özi innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanylýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmek we olary okuw-usulyýet işlerine netijeli ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda bilim edaralarynyň arasynda bitewi ulgamy tapgyrlaýyn döretmek, şeýle hem umumy bilim berýän edaralarda elektron hasabatlylygy we beýlekileri ulanmak göz öňünde tutulýar. Ähli bilim edaralarynda okuw-usulyýet maglumatlary, mugallymlaryň sapaklarynyň ýazgylary elektron görnüşde elýeterli edilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ulgamlaýyn programma üpjünçiliginiň binýadynda sanly bilim portallary döredilýär, olarda talyplaryň özbaşdak taýýarlanmaklary, audio-wideo maglumatlary, interaktiw-multimedia programmalary, tanyşdyrmalar, mugallymlaryň sapak ýazgylary, ylmy-tehniki maslahatlaryň çap edilen görnüşleri we beýlekiler ýerleşdirilýär. Sanly tehnologiýalary peýdalanmak  bilen uzak aralykdan döwletimiziň, şonuň bilen birlikde institutymyzda bu ugurda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň we professor-mugallymlarynyň arasynda onlaýn arkaly wideo şekilli sapaklar, maslahatlar we bäsleşikler guralýar.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdepleri gurulýar, olar döwrebap interaktiw tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar, dünýäniň belli bilim we ylym merkezleri bilen okuw  taslamalary amala aşyrylýar, ylmyusuly maslahatlar geçirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, senagatlaşma eýýamyna kybap gelýän hünär derejeli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda döwletimiz tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Döwrüň talaby bilen aýakdaş gitmek üçin institutymyzda döwrebap işler ýola goýuldy. Institutymyzda “tituki.edu.tm” resmi saýtynyň we içki sanly ulgamyň döredilmeginiň uly ähmiýeti bar. Bu saýt özünde institutyň taryhy, gurluşy, gündelik durmuşynda bolup geçýän täzelikler we habarlar, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary hünär okuw mekdepleri bilen saklaýan gatnaşyklary barada maglumatlary jemleýär.

Ählumumy Internet torunyň üsti bilen dünýäniň islendik künjünden maglumat almaga we habarlaşmaga mümkinçilik bar. Institutyň içki torunyň sanawyna elektron maglumatlar, elektron kitaphana, elektron resminama dolanyşygy, mugallym we talyp ulgamy girýär. Bularyň ählisi institutda zähmet çekýän her bir hünärmeniň, professor-mugallymyň işinde, okaýan talybyň okuwynda we okuwdan daşary gyzyklanmalarynda uly ýeňillikleri döredýär. Bu ulgamlaryň hersine mahsus aýratynlyklary bar. Mysal üçin, elektron kitaphana ulgamy mugallymlaryň we talyplaryň elektron kitaplardan we gollanmalardan ýerinde okamaga ýada electron enjamlara ýükläp almaga mümkinçilik berýär. Bu kitaphananyň gory örän baý. Onda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň we ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň elektron görnüşleri saklanýar. Elektron resminama dolanyşygy ulgamy institutyň ähli bölümlerini gysga wagtyň içinde gerek bolan resminamalar bilen üpjün etmäge şert döredýär. Institutyň içki torunyň professor-mugallymlar üçin berýän mümkinçilikleri uly. Munda her bir mugallym öz şahsy sahypasynda okuw işiniň dowamynda ulanjak okuw iş maksatnamalarynyň, sapak ýazgylarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň we sözlükleriň elektron görnüşlerini ulanýar. Institutymyzyň  islendik binasynda we okuw otagynda elektron enjamlaryň dürli görnüşlerinden peýdalanylýar. Bu ýerde maglumat goraglylygy hem göz öňünde tutulandyr. Institutyň talyp ulgamy bolsa gönüden-göni okuw sapaklarynyň dowamynda talyplaryň sapaklara ýetişigini we gatnaşygyny hasaba almaga, olaryň aralyk jemlemeleriniň, özbaşdak işleriniň we synaglarynyň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär.

Biz talyp ýaşlar üçin ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup  ýetişmekde şeýle mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahrymqn Serdarymyza buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, ähli işleri rowaçlyklara beslensin!

 Timur ÝAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynuň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.