HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ BELENT MERTEBESI

07-12-25

Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Hususanda, döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, ulag-logistika, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ylymbilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifkasiýalaşdyrylýar we hil taýdan täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde barha dabaralanýan hemişelik bitaraplyk syýasatymyzyň diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň, halkara jemgyýetçiliginiň hem bähbitlerini araýandygyny bolsa durmuş her pursat subut edýär. Ýer togalagynda parahatçylygyň gerimini giňeltmekde we pugtalandyrmakda bitarap döwletler möhüm ähmiýete eýedir. Bu möhüm orna dünýä döwletleriniň 185-siniň biragyzdan goldamagynda we BMG-niň ykrar etmeginde Türkmenistan hem 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda mynasyp boldy. Bitaraplyk — türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelen ynsanperwer ýörelgesiniň miwesidir.

Garaşsyz Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ýörelgäni saýlap almagy, onuň parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip başlamagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşyp gitmegine ýardam etdi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Şol günden başlap, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynyň öňünde dünýä döwletleriniň tuglarynyň arasynda Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlady. Bu taryhy waka tutuş dünýä bileleşiginiň Türkmenistany, onuň syýasatyny ykrar eden beýik güni hökmünde türkmen döwletiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ýurdumyzyň halkara abraýyny täze belentliklere göterdi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agzalarynyň biragyzdan goldamagynda Garaşsyz Türkmenistan sebit üçin örän uly ähmiýeti bolan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly taryhy Kararnama eýe boldy. 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-sinde bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa, özüniň taryhy mejlisinde bitaraplyk derejesini hukuk taýdan resmileşdirmek hakynda taryhy resminamany kabul etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Bitaraplyk taglymaty hem öňegidişliklere beslenýär. Gysga wagtyň içinde köp sanly daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilendigine hemmämiz şaýat.

Iki yklymyň — Aziýanyň we Ýewropanyň biri-birine galtaşýan ýerinde orun eýeleýän Türkmenistan! Ägirt uly ruhy hem ykdysady mümkinçilikleri bolan Türkmenistan! Biziň halkymyz taryh üçin juda gysga döwrüň içinde Garaşsyz, Bitarap döwletiň eýesi hökmünde nämelere ukyplydygyny, ýurdunyň mümkinçiliklerinden näderejede peýdalanmagy başarýandygyny dünýä aýan etdi.Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz häzirki wagtda 50-ä golaý halkara guramalaryň hem agzasydyr. Munuň özi oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrýan ýurdumyzyň halkara derejesinde ýokary abraýa eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän umumadamzat bähbitli işler bu günki gün sebit, dünýä möçberinde giň goldawa, hormata eýe bolup, eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende galdyrýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerine dürli halkara guramalary tarapyndan berilýän ýokary bahalar hem şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň saýasynda amala aşyrylýan işler şu günümizi beýgeltmek bilen, geçmişimize — ata-babalarymyzyň jahany aňk eden şöhratly taryhyna düşünmäge kömek edýär, şol beýik taryhy açýar, şol beýik taryhyň dowamyna öwrülýär. Biziň ýurdumyzda bir günüň wakasy aýlara, ýyllara nur berýär, geljek asyrlara şugla saçýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Liderini Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmen Bitaraplygy has-da dabaralanýar, täze öwüşginler we mazmun bilen baýlaşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ikinji gezek ykrar edilmegi, şeýle hem bu abraýly halkara guramasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi aýratyn taryhy wakalara öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwlet bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, ynsanperwerlik ulgamlarynda amala aşyrýan beýik işleri dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda ähmiýetli orny eýeleýär.

Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! Goý, dünýäde hemişe bagtyýarlygyň hem-de asudalygyň aýdymy ýaňlansyn!

Selbi MÄMMETSÄHETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.