Ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň öňde goýan maksatlary

30-09-23

Berkarar Watanymyz Türkmenistan beýik ösüşleri amal etmekde ýola goýulýan parasatly döwlet syýasaty bilen halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. Ýurdumyzyň senagaty, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, bilim we ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlary uly üstünliklere beslenýär. Ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini iňňän bagtly, bagtyýar duýýarlar.

Gözel Diýarymyzyň ertirki eýeleri boljak ýaş nesiller ýurduň ösüş binýadyny berkitmekde hem-de Watanymyzyň öňdebaryjy dünýä döwletleriniň hataryndaky ornuny müdimilik saklamagyny gazanmakda alnyp barylýan bimöçber işlere özleriniň goşantlaryny goşýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleri yzygiderli üpjün edilýär. Çünki ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylymyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmk döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny gurýar. şu nukdaýnazardan hem, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilime erk edip bilmeklerini gazanmak üçin ençeme mümkinçilikler we oňyn şertler döredilýär.

Ýaşlar syýasatynda göz öňünde tutulýan wezipeler diňe ylym-bilim bilen çäklenmeýär, eýsem ol ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmegi hem maksat edinýär. Arkadagly Serdarymyz sagdyn jemgyýeti gurmagyň döwletimiz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygy barada aýdýar. Şonuň üçin jemgyýetiň wezipesi adamlarda çagalykdan başlap sport bilen meşgullanmak endigini döretmek, netijede bolsa saglygy, ruhubelentligi, erk-islegi berkitmek örän möhüm bolup durýar. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli döwlet syýasatynyň “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly ýörelgäni amala aşyrmakdaky giň gerimli işleriň möhüm bölegidir.

Sport, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri taýýarlamak Arkadag Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki ýaşlar halkymyzyň öňünde goýlan ägirt uly wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmeli ýaşlardyr. Olar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän kämil we adyl maksatlaryndan ugur alyp, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenýärler. Bu merdanalyk mekdebi şu günüň we geljegiň mizemejek binýadyny dşöredýär. Bu binýat bagtyýar durmuşyň, röwşen geljegiň binýadydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, ruhubelentlik, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgeleri ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebidir. Ýaş nesilleri şeýle ruhda kemala getirmek bolsa beýik döwletiň ösüşli, üstünlikli, aýdyň geljegini gurmaga mümkinçilik döredýär. Bulara mysal edip, easasan hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy, milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaşlaryň arasynda geçirilýän birnäçe döredijilik bäsleşiklerini görkezmek bolar. Bu bäsleşiklerde ýaşlaryň salgylanýan temalarynyň many-mazmunynda olaryň Watanymyza, bagtyýarlyk döwrümize, Arkadag Prezidentimize, merdana halkymyza bolan ýürek buýsançlary öz beýanyny tapýar. Ýaşlaryň arasynda watançylyk duýgusynyň kemala getirilmegi üçin amala aşyrylýan şunuň ýaly durmuş we bilim syýasaty boýunça dürli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň has köp geçirilmegi we bu çärelere köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň çekilmegi hökmany zerurlyk bolup durýar. Şeýle çäreleriň “watançylyk” düşünjesi esasynda alnyp barylmagy şu günüň zerurlyklaryda üns merkezimize alnyp, täzeden kesgitlenmegi ähmiýetli bir başlangyçdyr.

Türkmenistan ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär.

Arslan HALIDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.