Beýik döwre edermen ýaşlar ýaraşýar
29-09-23
Hemme zatdan ozal ylym düşünjesiniň many-mazmunyna, wajyplygyna, aýratyn hem ýaşlaryň göz ýetirmeklerini, düýpli düşünmeklerini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Ylmy ösüşleri belentden-belent derejelere çykarmak üçin, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen bu pudaga dahylly bolan ugurlar boýunça ugurdaş gitmegi Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde häzirki durmuşy we geljekki ykbaly üçin örän wajypdyr.
Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly – bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Türkmenistanda jemgyýetiň, döwletiň we hukugyň özara utgaşykly ösüşi üpjün edilýär. Mälim bolşy ýaly, demokratiýany ösdürmegiň, raýatlaryň bähbidine häzirki zaman hukuk döwletiniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň zerur şertleriniň biri hem ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladadan başlanýar.
Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berýär. Ýaşlara halkara ölçeglerine laýyklykda bilim bermek, sagdyn bedenli, ruhubelent, käriniň hakyky ussady bolan hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talaby bolup durýar. Kämil ahlakly we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin Watanymyzda ähli zerur şertler döredildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyklykda gurlan hem-de iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda goýuldy.
Ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk hem üpjün etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň bolup ýetişmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň tebigatyna söýgini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemäge aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirki zaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky işleri döwrebap ýerine ýetirmek üçin «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär, bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlara bu ugurda oňyn şertleri döretmek we saglygyny goramak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Biz ýaşlar özlerimiz hakynda edilýän şeýle alada mynasyp jogap bermek bilen, güýçlerimizi, bilimlerimizi, zehinlerimizi we ukyplarymyzy eziz Watanymyzyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýarys.
Arslan HALIDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.